Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Minskde, Tihanowskaýa ýygnanyşygynyň ýatyrylmagyna garamazdan, ýüzlerçe adam seýilgähe ýygnandy


Minst, 6-njy awgust.

6-njy awgust güni agşam Minskde prezidentlige kandidat Swetlana Tihanowskaýanyň tarapdarlary Kiýew seýilgähine ýygnandy.

Golaýda ýerleşýän Dostluk seýilgähinde geçirilmegi planlaşdyrylan Tihanowskaýa ýygnanyşygynyň ýatyrylmagyna garamazdan, adamlar mitinge gatnaşmaga geldiler.

Ýygnanyşygy ýatyrmak karary guramaçylar tarapyndan, şäher häkimliginiň şol bir wagtyň özünde we şol bir sebitde Demirýol goşunlary gününe bagyşlanan baýramçylyk çärelerini geçirýändigi sebäpli kabul edildi.

Şäher häkimligi Kiýew seýilgähinde goşmaça bilim edaralary üçin açyk gün geçirdi. Swetlana Tihanowskaýa, Mariýa Kolesnikowa we Weronika Tsepkalo dagy, dalaşgäriň wekiliniň sözlerine görä, bir oppozisiýa merkezinde birleşip, “Belarus raýatlary” hökmünde seýilgähe geldi.

Seýilgähde düşürilen suratlar we wideo ýüzlerçe, ähtimal müňlerçe adamyň ýygnanandygyny görkezýär.

Resmi çäräniň programmasyna jogapkär ses režissýorlary seýilgähde Wiktor Tsoýyň "Özgerişlik" aýdymyny goýberdiler, tomaşaçylar ony şatlyk bilen garşy aldy.

Seýilgähe ýygnananlar Minsk şäheriniň köçelerinden ýöräp, soň dargadylar. Tussag edillenler barada maglumat ýok.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG