Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus oppozisiýasynyň saýlaw netijelerini ret etmegi bilen protest başlandy


BELARUS.Minsk. Pitnä garşy polisiýanyň öňünde duran protestçiler. 9-njy awgust, 2020.
BELARUS.Minsk. Pitnä garşy polisiýanyň öňünde duran protestçiler. 9-njy awgust, 2020.

Döwlet teleýaýlymy 9-njy awgustda geçirilen ses berişlikden soň, resmi netijelere görä, Lukaşenkanyň 79,7% ses alyp, ýurt boýunça guralan üýşmeleňlerde uly mähelle ýygnan we 6,8% ses alan iň güýçli bäsdeşi Swetlana Tihanowskaýadan kän öňe saýlanandygyny habar berdi.

Belarusyň howpsuzlyk güýçleri Minskde we beýleki şäherlerde demonstrantlar bilen çaknyşdy, saýlaw galplyklary baradaky aladalar arasynda, dartgynly saýlawdaky irki ses berişlikler netijesinde häzirki prezident Aleksandr Lukaşenka öňe saýlandy.

Belarus döwlet teleýaýlymy 9-njy awgustda geçirilen ses berişlikden soň, resmi netijelere görä, Lukaşenkanyň 79,7 göterim ses alyp, ýurt boýunça guralan üýşmeleňlerde uly mähelle ýygnan we 6,8 göterim ses alan iň güýçli bäsdeşi Swetlana Tihanowskaýadan kän öňe saýlanandygyny habar berdi.

Tihanowskaýa saýlawyň çykyş netijeleri yglan edilenden soň geçirilen metbugat ýygnagynda özüniň resmi netijelere ynanmaýandygyny aýtdy.

"Men öz gözlerime ynanýaryn we köpçülügiň biz bilendigini görýärin" diýip, ol öz edarasynda aýtdy.

Saýlaw uçastoklary ýapylansoň, paýtagtda demonstrasiýa başlandy, demonstrantlar “utanç” diýip gygyrdylar we awtoulag eýeleri signal berdiler.

Minskiniň merkezinde pitnä garşy polisiýa bilen gazaply çaknyşyklar boldy. Adamlar toplanyp, güýç gurluşlaryna garşy durmaga çalyşýarlar. pic.twitter.com/iLmjNwJGhi

— TUT.BY (@tutby) August 9, 2020

Pitnä garşy polisiýa Minskiň birnäçe ýerinde demonstrantlary dargatmak üçin ses granatlaryny we göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Bir topar adamyň tussag edilendigi barada ilkinji habarlar gelip gowuşdy.

Beýleki uly şäherlerde we kiçi şäherçelerde müňlerçe adamy özüne çeken protestleriň bolandygy habar berildi.

Saýlaw gününiň dowamynda polisiýa we esgerler Minsk şäherine getirildi. Olar şäheriň daş-töweregini gabap aldylar we pitneleriň turup biläýjek strategiki ýerlerinde ýerleşdiler.

Internet azatlygy gözegçisi NetBlocks irden tutuş ýurt boýunça internet birikmesiniň kesilendigini habar berdi.

Biraz öň saýlawçylar Gündogar Ýewropa ýurtlaryndaky saýlaw uçastoklarynda we daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda uzyn hatara durup, ses berdiler.

AÝ/AR-nyň Belarus gullugy saýlaw uçastogynda hatara düzülen köp adamyň oppozisiýa goldawyny görkezýän ak bilezik geýendigini habar berdi.

Sosial media ulanyjylary, şeýle hem Moskwada, Berlinde we Londonda Belarusyň ilçihanalarynda hatara düzülen ak bilezik geýen saýlawçylaryň suratlaryny ýerleşdirdiler.

Belarusyň 21 diplomatik wekilhanasynda geçirilen çykyş sanawlaryna görä, Tihanouskaýa ses berişliklerde 81,5 göterim ses alan bolsa, Lukaşenka takmynan 6 göterim ses aldy.

XS
SM
MD
LG