Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ COVID-19 waksinasy boýunça ‘Moderna’ bilen ylalaşyk baglaşdy


“Moderna” ABŞ-nyň Saglyk boýunça Milli Instituty bilen birlikde mümkin waksinanyň 3-nji tapgyr kliniki testlerini geçirýär.
“Moderna” ABŞ-nyň Saglyk boýunça Milli Instituty bilen birlikde mümkin waksinanyň 3-nji tapgyr kliniki testlerini geçirýär.

ABŞ derman öndüriji “Moderna” kärhanasy bilen onuň koronawirusa garşy eksperimental waksinasynyň 100 million dozasyny almak barada, umumy bahasy 1,5 milliard dollarlyk ylalaşyk baglaşdy. Bu barada 11-nji awgustda Ak Tamda mälim edildi.

Soňky hepdeleriň dowamynda COVID-19-a garşy potensial waksinalaryň ýüzlerçe million dozasyny almak boýunça beýleki birnäçe kompaniýalar bilen hem şuňa meňzeş ylalaşyklar baglaşylypdy.

Prezident Donald Trampyň administrasiýasy munuň üsti bilen şu ýylyň aýagyna çenli koronawirusa garşy waksinanyň has tiz wagtda işlenip düzülmegini we ýaýradylmagyny gazanjak bolýar.

“Moderna” ABŞ-nyň Saglyk boýunça Milli Instituty bilen birlikde mümkin waksinanyň 3-nji tapgyr kliniki testlerini geçirýär.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň maglumatyna görä, häzir dünýäde COVID-19 pandemiýasynyň öňüni almak boýunça 150-den hem aşa waksinanyň üstünde iş alnyp barylýar. Olaryň 25-si bilen adamlaryň üstünde kliniki testleri geçirilýär.

Dünýäde netijeli, ygtybarly we elýeterli waksinany işläp düzmek boýunça ýurtlaryň arasynda bäsleşik gidýär.

11-nji awgustda Russiýa COVID-19-a garşy waksinanyň işlenip düzülendigini yglan eden ilkinji ýurt boldy. Ol “Sputnik W” atlandyryldy. Emma rus prezidenti Wladimir Putiniň waksinanyň netijelidigi we howpsuzdygy baradaky kepilleri şübhe we duýduryşlar bilen garşylandy.

XS
SM
MD
LG