Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londondaky "hapa ýuwujy", Nazarbaýewleriň aýratyn jaýy hem-de "semiz pişikler"


Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanyň prezidenti wagtynda hem onuň uly gyzy Dariga Nazarbaýewa ýurduň wise-premýeri döwründe Londonda resmi saparda. 2015-nji ýylyň 4-nji noýabry.
Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanyň prezidenti wagtynda hem onuň uly gyzy Dariga Nazarbaýewa ýurduň wise-premýeri döwründe Londonda resmi saparda. 2015-nji ýylyň 4-nji noýabry.

Günbatar metbugaty Britaniýanyň syýasy liderlerini daşary ýurtlardan, şol sanda Gazagystanyň eks-prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň maşgalasy tarapyndan satyn alnan gozganmaýan baýlygy ýaşyrmagy hem hapa pullary «ýuwmagy»bes etmäge çagyrýarlar. Köpçülikleýin habar serişdeleri pandemiýa kynçylyklarynyň çäginde, Hytaýyň Merkezi Aziýa täsiriniň netijelerine syn berýärler. Şeýle hem çinownikleriň semizligi bilen korrupsiýanyň derejesini deňeşdirip, olaryň arasyndaky baglanyşyga ünsi çekýärler.

LONDONDAKY "HAPA ÝUWUJY" HEM-DE ÖŇKI SOWET DÖWLETLERINDEN GELÝÄN "HAPA" PULLAR

Telegraph gazetinde çykan «Londonyň “hapa ýuwujylaryny” arassalamak we daşarky aragatnaşygy kesmek barada täze çagyryşlar»atly makalada ýazylmagyna görä, golaýda Russiýanyň Britaniýanyň syýasy durmuşyna goşulyşmagyna hem-de Londonda «hapa» pullaryň ýuwulmagyna üns çekilýär.

Ýokary derejeli britan syýasatçylary ýuridiki-hukuk ulgamynda, buhgalteriýa işlerinde hem gozganmaýan emläk meselesinde, «Londonyň “hapa” ýuwujylary» diýilýän düzgünini açyklaşdyrmak üçin çagyryş etdiler. Olaryň ýerli kompaniýalaryň daşary ýurt hökümetleriniň ýa-da daşary ýurtly täsirli syýasatçylaryň işlerini ýerine ýetirmekde, alyp barýan işleri hakda maglumat bermäge borçly edýän täze kanunyň kabul edilmegini öňe sürýärler.

Parlamentiň agzasy Bob Sili «täsirli syýasatçylar üçin jennet bolan» Beýik Britaniýada şeýle kanunyň örän möhümdigini aýtdy. Kanunyň bolmadyk ýagdaýynda, diňe bir Britaniýanyň gymmatlyklaryna däl, hatda onuň ykdysadyýetine hem zyýan ýeter diýip, Bob Sili hasap edýär. Sebäbi «ýaramaz pullar köplenç gowulyklary gysyp çykarýar».

Beýik Britaniýanyň hökümeti bolsa daşary ýurt agentlerini hasaba durmaga borçly etmegiň mümkinçiligine garajakdygyny mälim etdi. Orsýetden hem beýleki öňki Sowet Soýuzyndan bolan müşderiler öňden bäri britaniýaly ýuristler üçin örän amatly girdeji çeşmesi bolup gelýärler, olar gozganmaýan emläk hem sud-derňew işlerinden gowy gazanýarlar diýip, Telegraphbelleýär.

«Gazagystanly syýasatçy Dariga Nazarbaýewa hem onuň ogly Nuraly Aliýew Mishcon de Reyaadwokat kontorasyna Angliýanyň jenaýata garşy milli gullugynyň“esaslandyrylmadyk baýlyk” saýylýan 1,5 million funt sterling baha durýan gozganmaýan emlägi doňdurmagy talap edensud işi boýunça ýüz tutdular. Utulan ýagdaýynda olar öz baýlyklarynyň çeşmesini subut etmelidiler»diýip,Telegraphýazýar.

Aprel aýynda şol wagt Gazagystanyň parlamentinde Senatyň başlygy bolup oturan Dariga Nazarbaýewa we onuň ogly Nuraly Aliýew Londondaky sud diňlenişiginde utdularhem-de Jenaýatçylyga garşymilli gullugynyň«gelip çykyşy gümürtik bolan baýlyga girizen orderini» aýyrmagy başardylar. Jenaýatçylyga garşygulluk Britaniýanyň paýtagtyndaky umumy bahasy 80 million funt sterling (100 million dollardan gowrak) durýan üç elita obýektine order berilmegini talap edipdi. Ol jaýlar ofşor kompaniýalarynda hasapda durup, oňa eýelik ediji Gazagystanyň öňki prezidentiniň gyzy hem agtygydy.

Sud diňlenişigi hem-de Nursoltan Nazarbaýewiň maşgala agzalarynyň işi dünýäniň habar serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi. Sebäbi N. Nazarbaýew geçen ýyl resmi wezipeden çekilse-de, öz güýçli täsirini saklamagy başaryp gelýär. Apellýasiýa sudunda ýeňlen Jenaýatçylyga garşymilli gulluk öňki gelen karary ugrunda göreşjekdigini aýdýan wagtynda, Dariga Nazarbaýewa hem onuň ogly sud diňlenişiginden çykanda, gelnen karardan «şatlanýandygyny» mälim etdiler.

COVIDBAŞLANANSOŇ HYTAÝYŇ MERKEZI AZIÝA TÄSIRI

Waşingtonda çap edilýän Diplomat neşiri «Post-COVID:Hytaý Merkezi Aziýada ýeňýär»atly makalada ol sebite Pekiniň edýän täsirine syn berilýär. Onda«şol sebitdäki ýa-da dünýädäki hiç bir uly döwlet şeýle mümkinçilige bäsleşip bilmez»diýlip bellenýär.Olar inwestisiýa meselesinde örän ýokarda, pandemiýa Hytaýa güýçli täsir ýetirse-de, ol sebitdäki ykdysady liderlik ornuny berkitdi hem «Bir guşaklyk – bir ýol» diýen inisiatiwasyny öňe sürmegi dowam etdirýär» diýip, makalanyň awtory ýazýar.

Hytaýyň prezidenti Si Jinping (sagda) we Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklara gol çekenlerinden soň. Pekin, 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry.
Hytaýyň prezidenti Si Jinping (sagda) we Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklara gol çekenlerinden soň. Pekin, 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry.

Merkezi Aziýa döwletleri koronawirusyň ýaýramagy bilen agyr kynçylyklara ýüzbe-ýüz bolanlarynda, beýle epidemiýa taýýar däldigini görkezdiler. Test geçirmäge serişdeleriň ýetmezligi, däri-dermanlaryň az bolmagy, keselhanalaryň enjamlaşdyrylyşynyň ýaramazlygy saglygy saklaýyş ulgamynyň beýle epidemiýa garşy durmakdan ejizdigini görkezdi diýip makalada aýdylýar. Ykdysadyýeti pese düşmegini dowam etdirýärkä, bütewi içerki önümiň derejesi aşaklaýarka, Merkezi Aziýa ýurtlary wirus bilen göreşmekde halkara kömegine mätäçlik çekdiler, ykdysadyýeti diklemek üçin, daşary ýurt inwestisiýasyna garaşly boldular.

Sebitdäki ýurtlaryň halky Hytaýyň ýöredýän syýasatyndan närazy bolsalar-da, ýerli hökümetlerde hytaý inwestorlaryny garşylamakdan başga bir çykalga ýokdy diýip, Diplomat ýazýar. ABŞ häzirki wagtda Merkezi Aziýa öňküleri ýaly ýeterlik derejede üns berip bilmeýär. Ýewrosoýuzda hem Hytaýyň hereketine inwestisiýa ýa-da harytlara kontrollyk eder ýaly derejede mümkinçilik ýok. Orsýet Merkezi Aziýanyň syýasy hem ykdysady durmuşyna täsirini elde saklasa-da, pandemiýa bilen ýüzbe-ýüz bolansoň, ykdysady taýdan gowşady. Ol sebitde Pekiniň harby çäreleriniň güýçlenmegi Moskwa üçin beýle bir ýakymly däl, ýöne bu ýagdaý iki uly döwleti gapma-garşy goýup bilmeýär diýip, makalada bellenýär. Russiýa hem Hytaý dürli garaýyşlaryň gapma-garşylyklaryny özara çözmek üçin, ortalyk ylalaşygy tapyp gelýärler, bu geljekde-de şeýle boljaga meňzeýär.

Merkezi Aziýanyň Hytaýa bolan garşylygynyň käbir möhüm ugurlarda ýitileşmegi mümkin. Jorj Meýson Uniwersitetiniň professory Erik MakGlinçiň aýtmagyna görä, «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň elita toparynyň hytaý kreditorlaryna garaşly bolmagy hem onuň korrupsiýa maksatlary üçin ulanylmagy – sebitde Hytaýa garşy faktorlaryň ösmegine bir sebäp bolup biler». Beýleki tarapdan, Hytaýa garşy protestler Pekiniň Sinjiang welaýatynda ýaşaýan milliondan gowrak uýgurlara, gazaklara, gyrgyzlara hem beýleki türki dilli etnoslara edýän basyşy, olary «täzeden terbiýeleýiş»lagerlerine salmagy sebäp bolýar. Ýöne Merkezi Aziýanyň hökümetleri Hytaýyň Sinjiangda alyp barýan hereketini ýa-ha goldaýarlar, ýa-da bitaraplygy saklap, ol ýerdäki musulmanlaryň yzarlanyşy meselesinde geçirilýän aktlary basyp ýatyrmaga synanyşýarlar.

«Hytaý Merkezi Aziýada öz ykdysadyýetini berkitmekde örän amatly ýagdaýy elde saklaýar. Ýöne garşylyklar hem dowam etmeginde galýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetleriniň ýüze çykan garşylyklary basyp ýatyrmagy Hytaýyň ol sebitdäki ykdysady hereketlerini yzygider dowam etdirmäge mümkinçilik bermez. Köçe demonstrasiýalary hem garşy durmaklyk ol işiň bökdelmegine getirer»diýip, Diplomatýazýar.

SEMIZ MINISTRLER KORRUPSIÝANYŇ ALAMATYMY?

Fransiýanyň Monpelýe şäherindäki ykdysady-biznes mekdebiniň professory Pawel Blawatskiniň geçiren derňewi barada ençeme daşary ýurt neşiri ýazdy. Ol syýasatçylaryň artykmaç agramy – semizligi bilen şol ýurtdaky korrupsiýanyň derejesini deňeşdirdi.

Intellinews.com işjeň täzelikleriň saýtynda çykan «Semiz pişikler: täze barlaglaryň korrupsiýany kilogram bilen ölçemegiň mümkindigini görkezýär» atly makalada Blawatskiý öňki Sowet döwletlerinden bolan 15 ýurduň 299 ministriniň portretine – daşky keşbine ünsi çekýär. Barlagçy her bir ministriň şahsy agram indeksini taýýarlanda,«kompýuter gözi» atly algoritmden peýdalanýar hem alnan netijeleri korrupsiýanyň derejesini barlaýjy Transparency InternationalHalkara guramasynyň Indeksleri, Bütindünýä bankynyň dünýädäki korrupsiýa kontrollyk ediji bölüminiň, şeýle hem döwlet gullukçylaryny satyn alyp bolmaýan dogruçyllyk Indeksi bilen deňeşdirýär. Çykarylan netije gaty geň; ministrler näçe semiz bolsalar, şol ýurtdaky korrupsiýanyň derejesi hem beýik.

Barlagyň görkezişine laýyklykda, iň ýeňil agramdaky ýolbaşçylar Baltika döwletlerinde (Latwiýa, Litwa hem Estoniýa) we Gürjüstanda eken. Iň agyr agramly ministrler Täjigistanda, Özbegistanda hem Türkmenistanda bar.

Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin (çepde) hem onuň Russiýaly kärdeşi Mihail Mişustin. 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwary.
Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin (çepde) hem onuň Russiýaly kärdeşi Mihail Mişustin. 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwary.

Netijelerden mälim bolşuna görä, aslynda hiç bir ministr agramynyň azlygyndan ejir çekmeýär. Gaýtam Özbegistanyň ministrleriniň 54%-i, Täjigistanyň ministrleriniň 44%-i, Ukrainanyň ministrleriniň hem 42%-i semizlikden ejir çekýärler. Mundan daşary Gazagystanyň ministrleriniň 15%-i, Ukrainanyň hem ministrleriniň 8%-i aşa semizlikden ejir çekýär.

«Barlagyň netijeleri bize syýasatçylaryň fiziki häsiýetiniň hem beden agramynyň indeksi syýasy korrupsiýanyň ýagdaýyny çaklamaga mümkinçilik berýär»diýip,Blawatskiý hasaplaýar.

Iňlis dilindäki Eurasianet.org saýtda çykan «Barlaglar: ýogyn syýasatçylar korrupsiýanyň alamaty» makalada hem Blawatskiniň gelen netijeleri barada ýazylýar, iň korrupsiýa batan sebitlerde ýaşaýan ilatyň iň hor adamlardygy, ol ýurtlarda milletiň uly bölegine azyk iýmitiniň ýetmeýändigi sebäpli agramlarynyň az – tersine hökümet agzalarynyň artykmaç semizdigi aýdylýar.

«Syýasy korrupsiýanyň uly bölegi ýokary derejedäki semizlige eýe bolýarlar (olar umumylykda milletiň örän az sanly topary), galan gatlak bolsa örän pes derejedäki semizlige eýe. Degişlilikde, korrupsiýa derejesi pes bolan ýurduň syýasatçylary örän kadaly, oňa derek saýlawçylary artykmaç agramly»diýip, Eurasianet.org.ýazýar.

Gyrgyzystanyň, Russiýanyň hem Moldowanyň premýer-ministrleri 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Almatyda geçen Ýewroaziýa hökümetara Geňeşiniň maslahatynyň öň ýanynda.
Gyrgyzystanyň, Russiýanyň hem Moldowanyň premýer-ministrleri 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Almatyda geçen Ýewroaziýa hökümetara Geňeşiniň maslahatynyň öň ýanynda.

Britaniýanyň Economist žurnalynyň «Artykmaç agramdaky syýasatçylar az abraýdan peýdalanýarmy?»atly makalasynda, Blawatskiniň gelen netijelerine analiz berilýär hem Ermenistanyň 2018-nji ýyldaky ýagdaýyna ünsi çekýär. Blawatskiniň bellemegine görä, «mahmal rewolýusiýasy» bolandan soň Ermenistanda Transparency Internationalguramasynyň Indeksiniň gowulaşandygy aýdylýar. Şol wagtyň özünde Ermenistanyň hökümetiniň ministrleriniň massa indeksi rewolýusiýadan öňki döwür bilen deňeşdirilende azalypdyr. Olar korrupsiýany ýok etmäge girişendirler diýip, Blawatskiy çaklaýar.

«Korrelýasiýa – agram deňeşdirmesi jenaýat-derňew işlerine sebäp bolup bilmez. Semizlikden ejir çekýän syýasatçylar özüniň syrdam boýly kärdeşinden ýaramaz bolmaly diýen düzgün ýok. Ýöne mümkin bolsa öňki gündogar blokdaky çinownikler horlansalar oňat bolardy. Barlaglaryň görkezişine görä, saýlawçylaryň semiz kandidatlara meýili [ynamy]az»diýip, Economistýazýar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG