Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nobel baýragynyň laureaty Aleksiewiç Lukaşenkanyň belarus halkyna “uruş yglan edendigini” aýdýar


Belarusiýaly derňew žurnalisti we ýazyjy Swetlana Aleksiewiç
Belarusiýaly derňew žurnalisti we ýazyjy Swetlana Aleksiewiç

Gan döküşikli raýat urşunyň öňüni almak üçin prezident Alýaksandr Lukaşenka häkimiýet başyndan çekilmeli, häkimiýetler öz halkyna uruş yglan edipdir diýip, Nobel baýragynyň ýeňijisi belarusiýaly ýazyjy Swetlana Aleksiewiç tutuş Belarusda polisiýanyň demonstrantlara garşy zorluk ulanmagyny ýazgardy.

9-njy awgust saýlawlarynyň resmi netijeleri boýunça tutuş Belarusda protestler dowam edýän wagty, Aleksiewiç bu bellikleri 12-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Raidosyna telefon arkaly beren interwýusynda aýtdy. Demonstrantlar saýlawlarda ýeňşiň Lukaşenka galplyk bilen berlendigini aýdýarlar.

Aleksiewiç belarus “häkimiýetleriniň öz halkyna uruş yglan edendigini” aýtdy we gan döküşikli raýat urşunyň öňüni almak üçin Lukaşenka wezipeden çekilmeli diýdi.

“Heniz gaty giç däl wagty terk et, adamlary elhenç girdaba, raýat urşunyň girdabyna gark etmänkäň terk et!” diýip, 72 ýaşly ýazyjy Lukaşenka gönükdiren teswirinde aýtdy.

“Hiç kimse gan islemäýär. Diňe sen häkimiýete göz gyzdyrýarsyň. Seniň häkimiýete bolan hyjuwyň gan dökdürýär” diýip, ol aýtdy.

Aleksiewiç Belarusda polisiýanyň parahatçylykly protestçilere, şol sanda Minskde we beýleki şäherlerde aýal-gyzlara garşy ulanan zorlugyna we zulmuna özüniň geň galýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG