Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçisi Bobomurod Abdullaýewiň ykbaly barada alada bildirdi


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Özbegistandaky ilçisi Daniel Rosenblýum
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Özbegistandaky ilçisi Daniel Rosenblýum

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Özbegistandaky ilçisi Daniel Rosenblýum özbek žurnalisti Bobomurod Abdullaýewiň Gyrgyzystanyň ýörite gullugy tarapyndan Bişkekde tussag edilendigi barada golaýda çykan habardan alada galýandygyny aýtdy.

"Biz onuň işini ýakyndan yzarlaýarys" diýip, ilçi 13-nji awgustdaky twitter beýanatynda aýtdy.

Ilçi Rozenblýumyň pikiriçe, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň hökümetleri Bobomurod Abdullaýewiň erkin hereket etmek hukugyna hormat goýmaly we Gyrgyzystan onuň öz islegi boýunça gitjek ýerine gitmegine rugsat bermeli.

ABŞ-nyň ilçisi özüniň üçünji twitinde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň geçen ýyl Konstitusiýa güni mynasybetli eden çykyşynda we beýleki çykyşlarynda metbugat azatlygy we žurnalistleriň hukuklary barada owadan sözleri aýdandygyny ýatlatdy we ABŞ onuň “erkin we garaşsyz metbugatyň işleýän demokratiýa üçin möhümdigi”baradaky sözleri bilen ylalaşýar diýdi.

Özbek žurnalisti Bobomurod Abdullaýew 9-njy awgustda agşam Gyrgyzystanyň ýörite gullugy tarapyndan Bişkekdäki bir kafede tussag edildi. Milli howpsuzlyk býurosy žurnalistiň Özbegistanyň haýyşy boýunça tussag edilendigini habar berdi.

Bobomurod Abdullaýewiň aklawçylarynyň maglumatyna görä, žurnalist Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 158-nji maddasy ("Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine edilen hüjümler") we 159-njy madda ("Özbegistan Respublikasynyň konstitusiýa ulgamyna hüjümler") boýunça jenaýat etmekde güman edilýär.

XS
SM
MD
LG