Özbegistanyň Kaşgaderýa welaýatyndaky Çirakçi raýonyna degişli Çiýali obasynda ýerleşýän medisina birleşigine 3-nji awgustda çaga dogurmak burgusy bilen getirilen 39 ýaşy aýal hem onuň göwresindäki çaga ýogaldy. Bäbekhananyň baş lukmany Gülbahor Razzakowa göwreli aýalyň ölüminiň sebäpleri boýunça raýon prokuraturasynyň işgärleriniň soraglarynyň başlanmagy hem-de ekspertizanyň netijeleri mälim edilmezden öň, Azatlyk Radiosyna düşündiriş bermekden saklanýandygyny aýtdy. Merhumyň hossarlary bu ölüm üçin, keselhana işgärlerini günäleýärler. Şol agyr pursatda keselhanada ginekolog bolmansoň, hünäri pes işgärler çaga dogrulyşyny kabul etmeli bolupdyr. Netijede, ýatgydan köp gan gidip, ol aýal ýogalypdyr. Bu soňky 10 günüň dowamynda “Çiýali” hassahanasynda ýüze çykan ikinji ölüm. 28-nji iýulda şol medisina merkezinde 22 ýaşly aýal hem agyr toksikoz sebäpli aradan çykdy. Hossarlarynyň aýtmagyna görä, bu ölüm nädogry sanjym sebäpli bolupdyr.
Bäbekhanada lukman ýok eken
39ýaşly G.I. Çiýali obasyndaky raýon keselhanasyna 3-nji awgust gijesi getirilýär. Onuň hossarlarynyň Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýtmagyna görä, şol agyr gije bäbekhanada lukman ýok eken, çaga dogurjak aýallary medisina uýalary kabul edipdir.
– Ol dördünji çagasyny dogurmalydy. Biz bäbekhana baranymyzda, ol ýerde lukman ýok eken, şonuň üçin ony medisina uýalary kabul etdiler. Şonda ýatgydan köp gan akmagy sebäpli, hem ene, hem bäbegi heläk boldy – diýip, merhumyň hossarlary aýdýar.
Ýöne bäbekhananyň baş lukmany Gülbahor Razzakowanyň Azatlyga aýtmagyna görä, lukmanlaryň şunça tagalla etmegine garamazdan, enäni-de, çagany-da halas etmek başartmandyr. Şonuň bilen birlikde, baş lukman eger şol pursatda tejribeli doktor bolanlygynda enäni hem çagany halas etmegiň mümkindigini mälim etdi.
– Şol ýagdaýda ene ölmeli däldi. Çaga dogrulyşy orta derejedäki medisina işgärleri kabul edipdirler. Ene köp gangitmeden ýogalypdyr. Men bu bäbekhanada 1996-njy ýyldan bäri işleýän, biz mundan agyr ýagdaýdaky eneleri-de ölümden halas etdik – diýip, Gülbahor Razzakowa boýun alýar.
Çirakçi raýon prokuraturasy aýalyň ölümi boýunça deslapky derňew işlerine girişip, medisina ekspertizasyny geçirmeli edipdir.
On günde iki ölüm
Bu on günüň dowamynda“Çiýali” bäbekhanasyndaky ikinji ölüm. 28-nji iýulda şol bäbekhanada 22 ýaşly D.O. hem agyr toksikozdan ýogaldy.
Merhumyň hossarlarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, göwreliligiň ikinji aýynda oňa nädogry inýeksiýa edipdirler, bu hem heläkçilige sebäp bolupdyr.
– Onuň immunitetini ýokarlandyrýar diýip, birbada üç gezek sanjym etdiler. Ýöne sanjym oňa ýaramaz täsir edip, ol huşuny ýitirdi. Şol günem özüne gelmän jan berdi – diýip, D. O.yň hossary Azatlyk Radiosyna mälim etdi.
Bäbekhananyň baş lukmany Gülbahor Razzakowa göwreli aýalyň ölümine tejribesiz medisina işgärleriniň sebäp bolandygyny boýun alýar.
– Inýeksiýa sanjymy lukmanyň barlagy geçirilmezden edilipdir. Ginekologiýadan daşda bolan pediatriýa bölüminiň işgäri hlorid natriý erginini essensiala garyp sanjym edipdir. Aslynda lukmanyň görkezmesi bolmasa, onuň sanjym etmäge haky ýok. Owaly bilen ol ginekolog däl, ikinjiden, bularyň bary lukmanyň kontrollygyndan daşarda bolupdyr – diýip, G. Razzakowa belleýär.
22 ýaşly göwreli gelniň ölümi bilen baglanyşykly prokuratura jenaýat işini açdymy ýa-da ýok; ol häzirlikçe Azatlyk Radiosyna belli däl. Merhumyň hossarlarynyň aýtmaklaryna görä, olardan hiç biri prokuratura arza bilen ýüz tutmandyr.
Lukmanlaryň-bilermenleriň ýetmezçiligi
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew hökümet maslahatlarynda saglygy saklaýyş ulgamyndaky möhüm kynçylyklar barada birnäçe gezek aýtdy. Şonuň bilen birlikde, ol eneleriň we çagalaryň saglygy meselesiniň ýaramazdygyny, derman üpjünçiliginiň pesdigini hem sagdyn nesli terbiýelemäge ýeterlik üns berilmeýändigini aýratyn belledi.
“Çiýali” bäbekhanasynyň baş lukmany Gülbahor Razzakowa Azatlyk Radiosy bilen gepleşende, sebitde ýaşaýan 80 müň ilat üçin ýeke-täk keselhananyň bardygyny, onda näsaglara 23 orunyň döredilendigini aýtdy hem bilimli lukmanlaryň ýetmezçilik edýändigini, işleýänleriň bolsa medisina derejesiniň kada laýyk däldigini belledi.
– 80müň ilata hyzmat etmeli keselhananyň bary-ýogy 23 orny bar. Olardan 10 orun çaga dogrulyş bölüminde, 10 orun ýaş çagalar bölüminde, galan ýer terapiýa bölümine degişli. Näsaglary kabul etmäge ýer ýetenok, lukmanlaryň tejribesi talaba laýyk däl, bilermen-lukmanlar asla azlyk edýär. Bar işi orta medisina işgärleri amala aşyrýar. Sebitiň ilatynyň sany artdygyça, keselhana orunlary kemelýär – diýip, G. Razzakowa aýdýar.
Iň uly parahorluk – bäbekhanalarda
Mundan üç ýyl owal Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew saglygy saklaýyş ulgamyndaky meseleleri çözmek hem onuň ösüşine päsgel berýän kynçylyklary aradan aýyrmak barada geçiren wideoselektor maslahatynda, «iň uly parahorluk bäbekhanalarda»diýdi.
«Ähli bäbekhanalaryň baş lukmanlaryny çagyryp gepleşiň. Iň uly parahorluk bäbekhanalarda, meseläni çözmek gerek. Men duýdurýan; bir aýdan soň täze sistema işe giriziler, hut bäbekhanalar hem edaralar arsynda. Bu gün men size duýdurýan. Hiç kim hiç kimi gorap bilmez, Adham Ilhomowiç (Adham Ikramow – öňki saglygy saklaýyş ministri – Red.). Biz şeýle tehnologiýany amala aşyrmakçy, edilen işleri hemmeler eşider we görer ýaly. Bäbekhanalarda bar iş köneçe dowam edýär. Zerur bolsa bäbekhanalaryň sanyny artdyrmak gerek, ýöne parahorlugyň soňuna çykmaly. Bäbekhanalarda parahorlugy ýok etmesek, olar pul almagy durmuşyň kadasyna öwürdiler. Elbetde, çaganyň dogulmagy üçin pul tölemeli... Bu nirede ýazylan? Hiç ýerde. Bar adam närazy»diýip,Mirziýaýew aýdypdy.
Özbegistanda eneleriň hem çagalaryň ölümi barada açyk statistika ýok. UNICEF 2017-nji ýylda yglan eden hasabatynda, Özbegistanda göwrelilik we çaga dogrulyşy wagtynda her 100 müň adama 29 ölüm düşýändigini mälim etdi.
Şol hasabatda aýdylyşyna görä, olaryň 45%-i çaga dogrulyş wagtynda ýatgydan köp gan gitmegi sebäpli ýüze çykýar, 12% infeksiýa keselleri sebäpli, 5%-i hem toksikoz netijesinde döreýär.
Özbegistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň maglumatyna görä, 2019-njy ýylda eneler ölümi bilen bagly 59, çaga ölümi bilen baglylykda hem 2706 ýagdaý hasaba alnypdyr.
Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.