Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus oppozisiýa kandidaty goldawçylaryny ‘öz saýlawlaryny goramaga’ çagyrýar (WIDEO)


Swetlana Tihanowskaýa (arhiw suraty)
Swetlana Tihanowskaýa (arhiw suraty)

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkanyň soňky saýlawlardaky esasy bäsdeşi Swetlana Tihanowskaýa öz tarapdarlaryna ýüzlenip, hepde soňy protestleri geçirmäge we “öz saýlawlaryny goramaga” çagyrdy. Tihanowskaýa saýlawlaryň ertesi güni Litwa gitmäge mejbur bolupdy.

Tihanowskaýa 14-nji awgustda eden wideo-ýüzlenmesinde ses berijileriň aglabasynyň Lukaşenka däl-de, oňa ses berendigini belledi. Belarus resmileri şol saýlawlarda Lukaşenkanyň sesleriň 80% töweregini alyp, ýeňiji bolandygyny yglan edipdi, şeýle-de Tihanowskaýanyň sesleriň 10%-ni alandygyny öňe sürüpdi.

“Biz, özgerilişikleriň tarapdarlary, köplükdiris. Muňa dokumentler we saýlaw uçastoklaryndaky protokollar güwä geçýär... Hiç kim Lukaşenkanyň ýeňişine ynanmaýar” diýip, Tihanowskaýa aýtdy.

Ol resmileri “parahatçylyk demonstrasiýalary ganly gyrgynçylyga öwürmekde” hem aýyplady.

37 ýaşly Tihanowskaýa goldawçylaryna, kampaniýa toparyna, iş taşlaýyş yglan eden işçilere, şeýle-de ýolbaşçylary tarapyndan protestçilere hüjüm etmek buýruklaryna boýun bolmadyk polisiýa işgärlerine minnetdarlyk bildirdi.

Bu aralykda, Ýewropa Bileleşigi "ne azat, ne-de adalatly" diýlip häsiýetlendirilen saýlawlar sebäpli ýüze çykan protestlere garşy gazaply basyşa jogap hökmünde, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka garşy basyşy güýçlendirmek isleýär.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 14-nji awgustda Brýusselde geçirilýän adatdan daşary ýygnagynyň öňüsyrasynda, Belarus häkimiýetleri irden ýüzlerçe tussagy boşadylmaga başlady.

Erkinlige çykarylanlaryň köpüsi tussaghanalarda şertleri, ýenjilmeleri we beýleki sütemleri elhenç elhenç diýip häsiýetlendirdi, halkara günä geçiş guramasy, “Amnesty International” bu aýdylýanlary “giň ýaýran adam gynalmasy” atlandyrdy.

Belarusda protestler tapgyr 5-nji gije dowam etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:56 0:00

Iň azyndan iki demonstrant öldi we 9-njy awgustda döwlet tarapyndan yglan edilen saýlaw netijelerinden soň, awtoritar Lukaşenkanyň 80% ses alyp, altynjy möhlete prezident saýlanandygy görkezilenden soň möwjäp galan protestler arasynda 6,700 adam tussag edildi.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell, Bileleşigiň ýokary derejeli diplomatlarynyň ýygnanmaga çagyryp, protestçilere garşy görülýän ýowuz basyp ýatyrmalaryň bes edilmegini, adam hukuklaryna we demokratiýa hormat goýulmagyny talap etdi.

“Soňky aýyň dowamynda belaruslar özleriniň demokratiýa we adam hukuklarynyň berjaý edilmegine ymtylýandyklaryny açyk görkezdiler” diýip, Borell 13-nji awgustda çap eden blogunda belledi. “ÝB bilen Belarusyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ilerlemegi üçin, düýpgöter syýasy özgertmeler şertdir” diýip, ÝB-niň daşary syýasat başlygy sözüne goşdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas 13-nji awgustda Berlinde ÝB Minskdäki "hökümdara edilýän basyşy ýokarlandyrmaly" diýdi. ÝB derejesinde "sanksiýalar barada ýygjam maslahat edilýär" diýip, ol aýtdy.

“21-nji asyrda Ýewropada... ýowuz basyp ýatyrmalara we parahat demonstrantlaryň tussag edilmegine çydam edilmejekdigi juda aýdyňdyr” diýip, ÝB-niň geçiji prezidentligine eýe bolan Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas belledi.

“Amnesty International” gazaply ýenjilmeler, jynsy taýdan zorluk etmek haýbatlary barada tussaglardan “aýylganç şaýatlyk görkezmeleriniň” gowşandygyny aýtdy.

“Ozalky tussaglar tussaghana merkezleriniň gynamalar kamerasyna öwrülendiklerini aýtdylar. Protestçiler hapa ýerde ýatyrylypdyr. Soňy bilen-de polisiýa olary depipdir we taýak bilen ýenjipdir” diýip, “Amnesty International” guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Marie Struthers aýtdy.

Bu aralykda, Estoniýa, Litwa, Latwiýa we Polşa bilelikde umumy beýanat ýaýradyp, onda “Belarusdaky krizisi parahtçylyk ýol bilen çözmegiň hatyrasyna”, araçylar bolup çykyş etmegi teklip etdiler.

Beýanatda “milli dialogy” ýola goýup biljek forumyň esaslandyrylmagyna hem çagyryş edildi.

Tihanowskaýa adamsy Sýarheý Tihanowskiýiň prezidentlige dalaşgär hökmünde hasaba durmak synanyşygyndan soň tussag edilmegi bilen, kandidat hökmünde hasaba alyndy. Oňa saýlawlara goýberilmedik beýleki iki dalaşgäriň saýlaw kampaniýalary tarapyndan uly goldaw berildi.

Hasaba alynmadyk kandidatlaryň biri, saýlawlaryň öňüsyrasy ýurdy terk eden ozalky belarus ilçisi Waleriý Tsepkala ÝB ýüzlenip, Tihanowskaýany prezident hökmünde ykrar etmäge çagyrdy.

ÝB Belarusda 2010-njy ýyldaky saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylmagyndan soň, oppozisiýanyň ýowuz basylyp ýatyrylmagyna jogap edip, Minske garşy berk sanksiýalary girizipdi.

2016-njy ýylda Belarusda syýasy tussaglar azatlyga goýberlenden soň, bu sanksiýalaryň agramly bölegi ýatyrylypdy.

XS
SM
MD
LG