Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Marynyň keselhanalaryna heniz ýokary okuwy doly tamamlamadyk ýaşlar işe alynýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda COVID-19 ýokaşanlaryň resmi däl sany köpelýän wagty, Mary welaýatynyň keselhanalarynda öňden bäri işleýän ýaşuly nesliň lukmanlary dynç alyşa, ýa-da tölegsiz rugsada ugradylýar, olaryň ornuna medisina ugrundan daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlar işe alynýar.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi işe alynýan ýaşlaryň käbirleriniň heniz diplomlaryny hem goramandygyny aýdýarlar. Bu aralykda, Çehiýa respublikasynyň Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan boýunça Daşkentäki ilçihanasy regionda koronawirusyň ýaýramagy we oňa garşy görülýän çäreler barada maglumat ýaýratdy.

Çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertlerde beren maglumatynda ýaş medisina işgärlerini işe almak üçin olardan köp mukdarda para soralýandygyny aýtdy.

“Ýöne ýaşlary işe almak üçin köne puldan 300 – 500 million (täze türkmen manadynda 60 müň – 100 müň) manat aralygynda para alýarlar” diýip, çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, çeşme keselhanalarda lukmanlar üçin maska we ellik ýaly gorag serişdeleriniň çäkli bolmagynda galýandygyny aýdýar.

“Lukmanlarda gorag enjamlaryndan diňe örtük, ellik we baş gap bar” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Mary welaýatynda koronawirus alamatly näsaglar ilki welaýat hassahanasyna ýa-da welaýatda täze işe girizilen tiz kömek merkezine kabul edilýärler.

“Näsaglar ol ýerde ilkibaşda rentgenden geçirilýärler we eger-de olarda öýken bilen bagly kesel anyklansa, diňe şondan soň karantin merkezlerine äkidilýärler” diýip, çeşme aýtdy.

Mundan ozal, 10-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligindäki anonim çeşmesi, Mary welaýatynda koronawirus keseli bilen bagly ýagdaýlaryň agyrlaşýandygyny habar berdi.

11-nji awgustda welaýat häkimliginde etrap häkimleriniň, welaýat saglygy saklaýyş bölüminiň, welaýat bilim bölüminiň hem-de döwlet edara-kärhanalarynyň ähli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda adatdan daşary ýygnak geçirildi. Ýygnakda welaýatyň çäginde wirusyň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen köpçülik çäreleri çäklendirildi hem-de welaýatyň kanun goraýjy edaralaryna şäherlerde we obalarda geçirilýän toý we ýas çärelerini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Bu aralykda, Çehiýa respublikasynyň Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan boýunça Daşkentdäki ilçihanasy bu ýurtlardaky soňky epidemiologiki ýagdaýlar boýunça çeh raýatlary üçin maglumat ýaýratdy.

Ilçihananyň websaýtynda 14-nji awgustda çap edilen maglumata görä, Türkmenistanyň serhet geçelgeleri, olaryň käbirleri çäklendirilen görnüşde, işleýär; demir ýol we ýük ulaglary üçin serhet geçelgeleri çäklendirmesiz görnüşde işleýär; şeýle-de, türkmen-eýran serhet geçelgelerinde düýpli zyýansyzlandyryş işleri geçilýär.

Ilçihananyň beýanatynda Bütindünýä saglyk guramasynyň missiýasynyň Türkmenistana sapar edendigi we olaryň saýlanan saglyk öýlerine baryp görendigi, sapar tamamlanandan soň, onuň jemleri boýunça topar ýolbaşçysy Katrin Smolwudyň gatnaşan metbugat ýygnagynda ýurtda görlen çärelere baha berlendigi aýdylýar.

Ýatlasak, 6 – 16-njy iýul aralygynda Bütindünýä saglyk guramasynyň bilermenler topary Türkmenistana sapar etdi we öňünden planlaşdyrylan saglyk merkezlerine aýlanyp, ýurtda tassyklanan koronawirus wakalarynyň ýokdugyny “ýöne koronawirus bar ýaly” hereket edilmelidigini aýtdy hem-de ýurtda ýokarlanýan pnewmoniýa wakalaryna bolsa çynlakaý alada bildirýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG