Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Koronawirus" krizisi Hytaýyň Merkezi Aziýa gatnaşyklaryna nähili täsir etdi?


Hytaýyň lideri Si Jinping(çepde) Bişkege sapary wagtynda Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow bilen. 2019-njy ýylyň iýuny.
Hytaýyň lideri Si Jinping(çepde) Bişkege sapary wagtynda Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow bilen. 2019-njy ýylyň iýuny.

Häzirki döwürde Hytaýyň ykdysadyýeti pandemiýa döwrüniň iň agyr pursatlaryny yzda galdyryp, ýaňadan güýçlenip başlanynda, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň hem syýasatynyň geljegi ol ösüşe garaşly bolmagynda galýar, mundan daşary-da olar Pekiniň tutanýerli erjelligine bagly bolýarlar.

Şu wagta çenli koronawirus infeksiýasyny hasaba alan döwletleriň arasynda Hytaý iň az san görkezijiýurtlardan biri bolup durýar. Munuň özi dünýäniň iň iri ykdysady kuwwatynyň pandemiýanyň ýok ediji heläkçiligine hötde gelýändiginigörkezýär.

Ýöne ol wirus Merkezi Aziýada güýçlenýär. Çig malyň arzanlamagy, daşary ýurtlarda gazanç edýän işçi-migrantlardan iberilýän puluň azalmagy sebitiň ykdysadyýetine agyr zyýan ýetýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlarynagörä, dünýäde ykdysady pese gaýdyşlygyň dowam etmeginde, sebitde bütewi içerki önümiň umumy derejesi ýylyň aýagyna 5,4% çenli kemelip biler. Bu ýagdaýda Merkezi Aziýa üçin Pekin esasy kömek çeşmesi bolup durýar.

— Bu pandemiýa Hytaýy uzak döwürlik göz öňünde tutýan maksadyndan hiç bir derejede sowup bilmedi. Hytaý entegem özüni iň kuwwatlylardan biri saýýar hem wirus sebäpli emele gelen agyr bulaşyklyga şol beýik maksada ýetmegiň bir serişdesi hökmünde garaýar – diýip, Aziýa barlaglary boýunça Milli býuronyň uly ylmy işgäri, Fransiýanyň Goranmak ministrliginiň Hytaý meselesindäki strategiki ugurlar baradaky ozalky maslahatçysy Nadež Rollan Azatlyk Radiosyna interwýu berende aýtdy.

Hytaý 16-njy iýulda Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň daşary işler ministrleri bilen ilkinji wideokonferensiýa geçirdi. Diskussiýalar koronawirusa garşy göreşdäki hyzmatdaşlyga hem-de sebitiň ykdysadyýetini ösdürmek meselelerine degişli boldy.

ÖŇ GÖRLÜP-EŞIDILMEDIK ÇAGYRYŞ

Konferensiýanyň geçirilen wagty Merkezi AziýadaCOVID-19wirusynyň ýaýramagynyň görülmedik derejede öjügen pursadyna gabat geldi. Bu ýagdaý sebitdäki medisina gullugynyň örän gözgyny ýagdaýyny aýan etdi.

Hytaýyň hem Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň geçiren wideokonferensiýasy. 2020-nji ýylyň 16-njy iýuly.
Hytaýyň hem Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň geçiren wideokonferensiýasy. 2020-nji ýylyň 16-njy iýuly.

Iýul aýyndaky konferensiýada öňe sürlüşine görä, Pekiniň ynsanperwer hem medisina ýardamlaryna Merkezi Aziýa döwletlerinde uly seslenme emele gelipdir. Hytaý öz gezeginde COVID-19göreşi bilen baglanyşykly sanly tehnologiýasyny Ýewraziýa has çuňňur ornaşdyrmaga, «Bir guşaklyk – bir ýol»diýen inisiatiwasyny giňeltmäge, şonuň bilen birlikde prezident Si Jinping tarapyndan öňe sürülýän infrastruktura hem inwestiýa ulgamynda öz täsirini artdyrmaga çalyşýar.

Ýöne pandemiýa hem barha ýaramazlaşyp, Merkezi Aziýany täze kynçylyklara eltmegi mümkin, bu bolsa Hytaý hem Birleşen Ştatlaryň arasyndaky konfrontasiýany çuňlaşdyrýar.

TÄZE SOWUK URUŞ BOLARMY?

Soňky birnäçe aýlaryň dowamynda Hoň Koňda hem Günorta-hytaý deňzinde ýagdaý ýitileşdi, Sinjiangdaky ynsan hukuklarynyň bozulmalary artýar, öňki söwda göreşi başlanýar.

Waşington hem öz gezeginde ýerli kompaniýalaryň üstünlikli hereket etmegi üçin iş alyp barýar. Ol Hytaýyň ägirt uly telekommunikasiýa merkezi bolan Huawei’iň önümlerine gadagançylyk girizýär hem Huawei’iň önüminiň milli howpsuzlyga wehim salýandygyny öňe sürýär. Şu aýda Birleşen Korollyk Huawei’iň önümleriniň 5-nji tapgyryna (5G) gadaganlyk girizdi, Fransiýa bolsa jemgyýetçilik ulgamlarynda hytaý tehnologiýasyna düýpli çäklendirme girizjegini aýtdy.

Bäsdeşligiň güýçlenmegine resmi Pekin hem Waşington konfrontasiýanyň ösmegi hem täze Sowuk urşuň başlangyjy hökmünde baha berýärler.

Merkezi Aziýa döwletleri bolsa ägirt uly döwletler bolan Pekiniň, Moskwanyň hem Waşingtonyň arasyndaky özara gatnaşyklaryny deň derejede saklamaga çalyşýar. Eger-de Merkezi Aziýada Hytaýa bolan gatnaşyklar artyp ugrasa, ýagdaýyň kynlaşmagyna garaşyp bolar.

— Hytaý öz syýasatynda Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmaga-da ähmiýet berýär. Bu ýagdaýda Hytaý Merkezi Aziýa meselesinde şol nukdaýnazary göz öňünde tutmaly bolýar. Merkezi Aziýa hiç wagtda aýratyn bir tarapy saýlamagy göz öňünde tutmady, ýöne böleklere bölünen dünýäde özüňi goramak kyn. Munuň özi bolsa olaryň Hytaýyň täsirine meýillidigini görkezýär – diýip, Londonyň Patyşalyk gorag-barlag institutynyň uly ylmy işgäri Rafaello Pantuççi Azatlyk Radiosyna interwýu berende aýtdy.

Sowet Soýuzy dargandan soň ABŞ-yň Owganystana girmegi hem terrorizme garşy harby kompaniýa alyp barmagy bilen Merkezi Aziýa bolan gyzyklanmasy kä ýokarlandy, käte pese gaýtdy. Häzir ol sebit ýene uly ähmiýete eýe boldy, sebäbi ABŞ dünýä çäginde Hytaýa hem Russiýa özüniň esasy bäsdeşi hökmünde garaýar. Ýöne şol wagtyň özünde Merkezi Aziýa ABŞ üçin möhüm syýasy ähmiýete eýe däl.

Deňeşdirmek üçin aýdylanda, Hytaýyň prezidenti Si Jinping 2012-nji ýylda döwlet başyna gelenden soň, Merkezi Aziýa döwletlerine birnäçe gezek sapar etdi, iň soňky gezek geçen ýylda«Bir guşaklyk – bir ýol»proýekti boýunça Gazagystana sapar etdi. Hut şol programma arkaly Hytaý Merkezi Aziýany ösdürmekdäki iň iri maliýe çeşmesi bolup gelýär. Hytaýyň döwlet banky sebitdäki töwekgelçiligi iňňän ýokary bolan uzak möhletli gurluşyk proýektlerini maliýeleşdirýär hem Pekiniň täsirini ýokarlandyryp, öz kompaniýalary üçin, täze mümkinçilikleri döredýär.

Hut şol sebäpli Hytaý pandemiýa döwründe Merkezi Aziýada dörän başagaýlygy ýeňip geçmäge hem öz täsirini sebitiň çäginden daşarlara çykarmaga çalyşýar.

Şu ýagdaýa Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde aýratyn ähmiýet berilýär. Gaty köp sanly makalalarda hem çykyşlarda «Bir guşaklyk – bir ýol»proýektine dünýä ykdysadyýetini çaltlaşdyrmagyň serişdesi hökmünde garalýar.

Nadež Rollanyň sözüne görä, Hytaýda bu inisiatiwa mydama ösüp barýan dünýäde öz maksatlaryny berkitmegiň hem ony çaltlaşdyrmagyň serişdesi hökmünde garalýar. Pandemiýa bolsa olara munuň üçin täze mümkinçilik açdy.

«Horgos – Gündogar derweze» demirýol porty. 2017-nji ýylyň dekabry.
«Horgos – Gündogar derweze» demirýol porty. 2017-nji ýylyň dekabry.

—Ideologiki kesgitleme hem-de geografiki birleşik boýunça bu Sowuk uruş däl, ol örän çuň manydaky täsir bäsleşigine eýe bolan garşylyk. Hytaý häzir global gegemoniýa üçin kowalaşman, eýsem öz sistemasyny döretmäge çalyşýar. Pekiniň maksady töwerek-daşyndaky ýurtlaryň öz garaýşy bilen ylalaşmagyny gazanmak – diýip, Nadež Rollan aýdýar.

Orsýet sebitdäki esasy oýunçy bolsa-da, pandemiýa sebäpli hem-de energiýa resurslarynyň dünýä bazaryndaky bahasynyň aşaklamagy bilen häzirlikçe ykdysady mümkinçiliklerini dikeldip bilmeýän ýagdaýynda, ol özüni dürseýänçä Hytaýyň Merkezi Aziýadaky täsiri ýene ýokarlanyp biler. Soňky ýyllarda Moskwa bilen Pekin birek-birege ýakynlaşyp, Merkezi Aziýa infrastruktura proýektleri hem beýleki ugurlarda öz täsir çäklerinde umumy ylalaşyga gelmäge çalyşýarlar.

—Hytaý birnäçe ýylyň dowamynda ykdysady meseleler bilen gyzyklandy, Orsýet bolsa howpsuzlyk meselelerine ähmiýet berdi. Käte bu iki bähbidiň özara kesişýän pursatlary-da boldy – diýip, Moskwadaky Karnegi Merkeziniň Hytaý-merkeziaziýa gatnaşyklary bölüminiň bilermeni Temur Umarow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

ÇARKANDAKLY ÝÜPEK ÝOLY

Pandemiýadan soň Hytaýyň ykdysadyýeti diklenip başlasa-da, ösüş takyk kesgitli däl. Pekin häli-şindi transport ulgamyndaky, elektrostansiýalar hem aragatnaşyk serişdeleri ugrundan kreditleri tölemek meselesindäki çagyryşlara garamaly bolýar.Şol wagtyň özünde ykdysadyýetiň muňa güýji ýetmeýär.

Hytaýyň daşary işler ministrliginiň iýun aýynda geçiren barlagyna laýyklykda, «Bir guşaklyk – bir ýol»proýektiniň 20% pandemiýa sebäpli «agyr kynçylyga» düşüpdir, ýene 30-40% hem«bölekleýin kynçylygy»başdan geçirýär.Hytaý bilen ýaran bolýanlaryň çuňňur pese düşmegi ol proýektiň durmuşa ukyplylygyny sorag astynda goýýar we oňa ýaňadan seredilmegi ýa-da onuň üýtgedilmegi-de mümkin.

Ýöne häzire çenli «Bir guşaklyk – bir ýol»proýekti boýunça hiç bir uly programmadan ýüz öwürmediler. Sebäbi bu inisiatiwa Si Jinping – şol sanda Hytaý üçin iňňän möhüm. Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri beýle bir gymmat bolmadyk, ýagny tehnologiýa, saglygy saklaýyş ulgamyna degişli bolan global inisiatiwalary teklip edip başladylar.

Hytaý pandemiýa döwründe sanly ulgamlardan, şol sanda elektroniki medisinadan, kommersiýa aragatnaşygyndan, tölegler hem okuw meselesinden peýdalanmagyň mümkindigini gördi. Barlagçylaryň pikirine görä, hytaý kompaniýalaryna Merkezi Aziýada şol ugurlary ösdürmäge giň mümkinçilik bar.

—Bu Hytaý üçin mümkin we olar muny öz bähbitleri üçin peýdalanarlar. Ýöne men öňküler ýaly beýik gurluşyk şowhunyna garaşmaýaryn. Munuň özi Hytaý üçin täze tapgyr bolar – diýip, Strategiki hem halkara barlaglarynyň «Aziýanyň täzeden birleşmegi»proýektiniň direktoryJonatan Hillman Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG