Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak obasyndaky etnikara diýilýän çaknyşykdan soň, oba barýan ýollar petiklendi


Gazagystanyň kartasy
Gazagystanyň kartasy

Gazak polisiýasy Baýdibek-biý obasynda etnikara diýilýän çaknyşyklaryň bolandygy baradaky maglumatlardan soň, oba barýan ýollaryň ählisini petiklediler. Bu barada ýerli habar serişdeleri şaýatlara we ýaşaýjylara salgylanyp maglumat berýär.

Resmiler 16-njy awgustda bolan çaknyşyklardan soň, ýaşaýjylary öýlerinden çykmazlyga hem çagyrdylar diýip, ‘Wlast’ habar saýty sebitden maglumat berdi.

Baýdibek-biý obasynda hem etniki gazaklar, hem-de etniki çeçenler ýaşaýarlar.

Ýerli resmiler Baýdibek-biýde nähilidir bir hadysanyň bolandygyny ret edýärler.

Bu sebitde ozal, hususanda 2007-nji ýylda iki topar özara çaknyşypdy. Şol gazaply wakalarda üç adam ölüpdi.

XS
SM
MD
LG