Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus paýtagtynda protestçiler ýörişlerini dowam etdirýärler


Protestçiler 17-nji awgustda Minskde geçirilen ýörişde oppozisiýa syýasatçysy Swýatlana Tsihanouskaýanyň portreti ýerleşdirilen baýdagy galgatdylar.

17-nji awgustda Minskde müňlerçe demonstrant belarus lideri Alýaksandr Lukaşenka garşy tapgyr dokuzynjy gije ýygnandy. Şol gün irden Lukaşenka konstitusiýa üýtgetmeler girizilen halatynda täze prezident saýlawlarynyň geçirilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Belarusyň paýtagtynda ýygnanan demonstrantlar oppozisiýanyň gyzyl-ak baýdagyny galgadyp, Lukaşenkanyň işden çekilmegine çagyryş etdiler.

Lukaşenkanyň häkimiýeti paýlaşmagyň haýsydyr bir görnüşine ýol açmak üçin konstitusiýa üýtgetmelerine garamak baradaky eglişigi, 65 ýaşly lidere edilýän basyşlaryň nä derejede güýçlenendigini görkezýän iň açyk alamatlaryň biri boldy.

9-njy awgustda geçirilen saýlawyň netijesi oňa sesleriň 80 prosentden gowragyny berdi. Bu sanlar dessine ýurduň içinde we daşynda ses berişligiň galplaşdyrylmagy babatynda aýyplamalara ýol açdy.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri 19-njy awgustda Brýusselde geçiriljek wideo sammit arkaly krizisi ara alyp maslahatlaşmagy planlaşdyrýarlar. Bileleşige üç agza ýurt Belarus bilen serhetleşýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG