Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Zelandiýada COVID-19 näsaglarynyň sany artýar. Tehasda ölenleriň sany 10 müňden aşdy


2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda alyjylar Wellington şäheriniň etegindäki supermarkete girmäge garaşýarlar.
2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda alyjylar Wellington şäheriniň etegindäki supermarkete girmäge garaşýarlar.

18-nji awgustda Täze Zelandiýa 13 sany täze tassyklanan koronawirus näsagynyň hasaba alnandygyny habar berdi. Bu waka ýurt içinde ýokanç keseliň ýokaşmasy bolmazdan 100 günüň geçendigi mälim edilenden birnäçe gün soň, Täze Zelandiýa COVID-19 ýokuşan täze keselleriň sanynyň köpelmegi bilen göreşýän mahalyna gabat geldi.

Täze hasaba alnan 13 näsagyň 12-si Oklendde bar bolan wirus topary bilen baglanyşykly.

Wirus sebäpli Täze Zelandiýanyň şäherlerinde we etraplarynda sosial aralygy saklamak düzgünleri öz güýjünde galýan mahaly, Oklend şäherinde petiklenme çäreleri dowam edýär.

Johns Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, Täze Zelandiýa häzire çenli koronawirus bilen kesellän näsaglaryň 1631 sanysyny hasaba aldy we ýurtda bu wirusdan 22 adam öldi.

Maglumata görä, 17-nji awgustda Tehasda koronawirusdan ölen tassyklanan näsaglaryň sany 10 müňden aşdy. Şeýlelikde, Tehas ABŞ-da koronawirusdan ölenleriň sany 10 müňden aşan dördünji ştat boldy. Beýleki ştatlar Nýu-Ýork, Nýu-Jersi we Kaliforniýadyr.

Aziýada, Filippinleriň prezidenti Rodrigo Duterte Manilada we onuň daş töweregindäki dört welaýatda petiklenme çäreleriniň ýeňilleşdiriljekdigini yglan etdi. Bu ýurtda tassyklanan koronawirus wakalarynyň sany 164 müňe ýetdi, şol sanda 2681 adam öldi.

XS
SM
MD
LG