Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik resmileri Faýzabatda ýaş üstünden ölen aýalyň ölümini derňeýär


Farida Şarifowanyň yzynda üç çagasy galdy.
Farida Şarifowanyň yzynda üç çagasy galdy.

Täjigistanyň Faýzabat şäherindäki bäbekhanada ýaş üstünden ýogalan aýalyň hossarlary ol ölümiň wraçlaryň geleňsizligi bilen ýüze çykandygyny aýdýarlar. Medisina işgärleri beýle aýyplamany ret edýärler.

Faýzabadyň 30 ýaşly ýaşaýjysy Farida Şarifowa 16-njy iýulda raýon bäbekhanasynda aradan çykdy. Bu ýagdaý häzir prokuratura tarapyndan derňelýär.

Farida Şarifowanyň hossarlarynyň aýtmagyna görä, ony ir sagat 7-de burgy tutup başlanynda keselhana eltipdirler, ol bir sagatdan soň jan beripdir. Onuň daýzasy Zübaýda Şarifowanyň aýtmagy boýunça, ölüm wraçlaryň geleňsizligi sebäpli ýüze çykypdyr. Bu barada Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanynda, Faridanyň bäbekhana tebigy burgy başlananda eltilendigini, ýöne çaganyň dogluşyny çaltlandyrmak üçin, wraçlaryň ony sanjym sistemasynyň aşagynda goýandyklaryny gürrüň berdi.

Merhumyň hossarlarynyň prezidentiň adyna hem Saglygy saklaýyş ministrligine ýazan arzasynyň nusgasy Azatlyk Radiosynda bar. Ol arzada ýaş enäniň ölüminiň sebäpleriniň düýpli barlanylmagyna ýardam edilmegi soralýar. «Farida bäbekhana eltilen pursadynda, ol ýerde wraç Şarkiýa Mirzoýewa nobatçylyk edýän eken. Ol Faridanyň ýagdaýyna seretmezden, onuň adamsynyň eline resept berip, şony gyssagly suratda dermanhanadan satyn almagyny tabşyrypdyr. Soňra ol çaga dogrulyşyny çaltlandyrmak üçin, Faridany damjaly sanjym sistemasynda goýupdyr-da, özi başga bir dogurýan aýalyň ýanyna gidipdir. Şondan birnäçe wagt geçensoň, Faridanyň ýagdaýy ýaramazlaşypdyr»diýip,arzada aýdylýar.

«Bäbek ýürek näsazlygyndan ýogaldy»

Zübaýda Şarifowanyň çaklamasyna görä, Farida oksitosin (Oxytocin) goýberen bolsalar gerek,ol bolsa dogrulyşy çaltlandyrýar. Sebäbi wraç Şarkiýa Mirzoýewanyň nobatçylygy gutarmanka çaganyň dogulmagyny çaltlandyrmak isläpdirler. Bu çaklamany akuşer ýalana çykaryp, ol enäni hem onuň bäbegini halas etmek üçin, mümkin bolan bar ýagdaýdan peýdalanylandygyny öňe sürýär.

Şarkiýa Mirzoýewa Azatlyk Radiosy bilen gürleşende, Faridany damja sistemasynda goýmadygyny, bäbegiň bolsa ýürek näsazlygyndan ölendigini aýdýar. «Ir sagat 8-de onuň ýagdaýy agyrlaşyp başlanda, men ähli wraçy çagyrdym. Näme bolýar diýip soradym. Maňa Faridanyň bogulýandygyny aýtdylar. Şonda eýýäm onuň ýüzi gögerip başlapdy. Onda warikoz – gan damarynyň zaýalanmagy bar eken, onuň ýürege täsir eden bolmagy mümkin. Men ony hiç hili damja sistemasynda goýmadym. Aýdylýanlaryň bary ýalan. Haçan-da, näsagyň ýagdaýy agyrlaşanda, anesteziolog oňa ilkinji kömegi berip, damja usulyny ulandy»diýip,wraç düşündirýär.

Farida Şarifowanyň hossarlary bolsa onuň raýon bäbekhanasynda öň üç çaga dograndygyny aýdýarlar. «Men birnäçe wraç bilen gepleşip, Faridanyň ölümi barada soranymda, olar dogrulyşy çaltlandyrýan oksitosin (Oxytocin) damjasyna goýlan bolmagynyň mümkindigini aýtdylar. Onuň teninde sanjym edilen ýeriň yzy bardy. Ýöne ol fakty hiç kim boýun almaýar»diýip,Zubaýda Şarifowa aýdýar.

«Oksitosin (Oxytocin) çaganyň dogulmagyny çaltlaşdyrmaga ýardam edýär, eger burgy tebigy ýagdaýda amala aşmasa, ol ýatgyny gysýar. Diňe ýagdaý agyr, ýagny burgy gowşak bolsa, oksitosin ulanyp bolar, ýöne ony örän haýal ýagdaýda – her minutda 7-8 damja goýberip bolar» diýip,raýon keselhanasynyň wraçy düşündirýär.

Saglygy saklaýyş ministrligi ýagdaýdan habarly

Täjigistanyň Saglygy saklaýyş hem milletiň jemgyýetçilik goragy ministrligi Azatlyk Radiosyna ýüze çykan hadysadan habarlydygyny aýtdylar hem-de merhumyň hossarlary hakykatdanam ol ölümiň sebäbini bilmek isleseler, onda meýidi açyp barlamagyň zerurdygyny ýatlatdylar.«Biz bolan ýagdaýy barlaýarys. Ýöne şeýle ýagdaýa düşeniň hossarlary onuň öň nähilidir bir keseliniň bolandygyny hiç wagt boýun almaýarlar. Olar mydama doktory günäkärleýärler»diýip,ministrlikdäki çeşme aýtdy.

Ekspertleriň tassyklamagyna görä, dürli azyk iýmitleriniň ýetmezçilik etmegi sebäpli göwreli aýallarda anymiýa – az ganlylyk döredýär, bu bolsa çaga doglanda örän howpludyr. Çet obalarda ýaşaýan käbir aýallar bolsa öz öýünde dogurýarlar. Bu hem ene, hem dünýä injek çaga üçin howply bolup durýar.

Ýazylmadyk düzgün

Şol wagtyň özünde birnäçe aýallar keselhanalarda hem bäbekhanalarda parahorlugyň – ýazylmadyk düzgüniň bardygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýyň käte mümkinçiligi pes maşgalalarda heläkçilige alyp barýandygyny mälim edýärler.«Bäbekhanalarda şeýle meýil bar, nobatçy wraç çaga dogrulşyny çaltlaşdyrmak isleýär. Sebäbi aýal onuň nobatçylyk edýän wagtynda dogursa, doktor täze dünýä inen bäbegiň maşgalasyndan pul peşgeşini alyp bilýär»diýip,Azatlygyň bir gürrüňdeşi anonim ýagdaýda gürrüň berdi.

Faýzabat raýonynyň ýolbaşçysy Mirali Rajabzoda: «Men Farida Şarifowanyň ölüminiň sebäplerini derňemäge buýruk berdim»diýip, golaýda geçen metbugat-konferensiýasynda aýtdy. Raýon keselhanasynyň baş wraçy Fazliddin Zubaidow hem şeýle ýagdaý ýüz berenden soň: «biz protokol düzdük, indi degişli çäräni göreris. Bizde hut ministriň özi bolup gitdi»diýip mälim etdi.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň maglumatyna görä, Täjigistanda her 100 müň täze dogulýan çagadan, 24 sanysy ölýär. Wraçlaryň ýalňyşy bilen ýaş üstünden we başga näsazlykdan ölýän eneler barada hiç kim jogapkärçilik çekmeýär, şonuň üçinem ýagdaý haýal özgerýär. Üç çagasyny ýetim galdyran Farida Şarifowanyň hossarlary hökümetlerden bolan ýagdaýy düýpli barlamaga çagyryş edýärler.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG