Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Braziliýada we Meksikada has köp täze ýagdaýlar ýüze çykarylýar


Braziliýanyň Saglyk ministrligi ýurtda wirus bilen kesellänleriň 3,5 milliona ýetendigini we ondan umumy hasapda 109 müň 888 adamyň ölendigini mälim etdi.
Braziliýanyň Saglyk ministrligi ýurtda wirus bilen kesellänleriň 3,5 milliona ýetendigini we ondan umumy hasapda 109 müň 888 adamyň ölendigini mälim etdi.

Argentinada koronawirusa ýoluganlaryň sany 300 müňden geçdi. Bu aralykda, wirusdan iň köp ejir çekýän Braziliýada we Meksikada COVID-19 bilen kesellänleriň has köp täze ýagdaýlary ýüze çykarylýar.

Argentinanyň Saglyk ministrliginiň 18-nji awgustda beren maglumatyna görä, ýurtda jemi 305 müň 966 adam wirusa ýolugyp, ondan 6 müň 48 adam heläk bolupdyr.

18-nji awgustda Braziliýa wirusa ýoluganlaryň täze 47 müň ýagdaýynyň ýüze çykarylandygyny we 1 müň 352 adamyň ölendigini aýtdy. Braziliýanyň Saglyk ministrligi ýurtda wirus bilen kesellänleriň 3,5 milliona ýetendigini we ondan umumy hasapda 109 müň 888 adamyň ölendigini mälim etdi.

Meksikanyň Saglyk ministrliginiň 18-nji awgustda beren maglumatyna görä, ýurtda COVID-19 bilen bagly täze 5 müň 506 ýagdaý tassyklanypdyr we ondan ýene-de 751 adam ölüpdir. Meksikada wirusa ýoluganlaryň jemi sany 531 müň 239-a, şeýle-de ondan öneleriň sany 57 müň 774-ä ýetdi.

Fransiýada, COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, 1-nji sentýabrdan başlap iş ýerleriniň köpüsinde hökmany ýagdaýda gorag maskalarynyň geýilmegini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Şol bir wagtda, Türkmenistan COVID-19 bilen bagly ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba almady.

XS
SM
MD
LG