Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa Ýewropany Belarusdaky “galkynmany goldamaga” çagyrdy


Belarus oppozisiýa wekili Swetlana Tihanowskaýa
Belarus oppozisiýa wekili Swetlana Tihanowskaýa

Belarus oppozisiýa wekili Swetlana Tihanowskaýa ýewropa liderlerine ýüzlenip, öz ýurdundaky “galkynmany goldamaga”, şeýle-de, dawaly saýlawlaryň netijeleri boýunça dowam edýän köpçülikleýin nägilelikleriň arasynda, belarus halkynyň eden saýlawyny sylamaga çagyrdy.

Tihanowskaýa bu barada Ýewropa Geňeşine wideo arkaly ýüzlenip, çykyş etdi.

Bu aralykda, 19-njy awgustda giçlik Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Belarusdaky ýagdaýlary maslahat etmek üçin gyssagly maslahat geçirýärler. Belarusda tapgyr 11-nji gün 26 ýyllyk dolandyryjy Aleksandr Lukaşenka garşy protestler we iş taşlaýyşlar dowam edýär.

9-njy awgustdaky prezidentlik saýlawlarynyň resmi netijelerine görä, 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Lukaşenka sesleriň 80% töweregini alypdyr. Bu görkeziji saýlaw galplyklarynyň bolandygy baradaky aýyplamalaryň döremegine getirdi.

Onmüňlerçe adamy saýlaw ýörişlerine çekmegi başaran Tihanowskaýa özüniň 60-70% aralygynda ses alandygyny aýdýar.

18-nji awgustda oppozisiýa liderleri häkimiýet geçişini guramalaşdyrjak kordinasiýon geňeşi esaslandyrdylar. Lukaşenka muny agdarylyşyk synanşygy diýip atlandyrdy.

Saýlawlardan soňky protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagynyň arasynda, polisiýa müňlerçe adamy saklady. Şol wakalarda ýüzlerçe adama şikes ýetdi we azyndan iki adam öldi.

XS
SM
MD
LG