Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana Russiýadan $7,8 millionlyk medisina serişdeleri getirildi


Azatlygyň ýerli habarçylary her gün onlarça adamyň COVID-19-a meňzeş alamatlar bilen keselhanalara ýüz tutýandygyny aýdýarlar.
Azatlygyň ýerli habarçylary her gün onlarça adamyň COVID-19-a meňzeş alamatlar bilen keselhanalara ýüz tutýandygyny aýdýarlar.

Şu ýylyň iýulyndan bäri Russiýadan Türkmenistana umumy bahasy 7,8 million dollar töweregi medisina senagatyna degişli serişdeler eksport edildi diýip, 17-nji awgustda Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň websaýtynda maglumat berildi.

Bularyň arasynda dermanlar, lukmançylyk enjamlary, şeýle-de şahsy gorag serişdeleri dagy hem bar.

Ýatlatsak, geçen aý Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşigine wirusa garşy derman serişdeleriniň zerur bolan möçberini satyn almak barada Russiýanyň derman serişdelerini öndüriji kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berlipdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýeke hadysasyny hem resmi taýdan hasaba almadylar. Şol bir wagtda, Azatlygyň ýerli habarçylary her gün onlarça adamyň COVID-19-a meňzeş alamatlar bilen keselhanalara ýüz tutýandygyny we häkimiýetleriň ýurtda wirus bar ýaly çäreleri görýändigini habar berýärler.

XS
SM
MD
LG