Norwegiýa ýaňy-ýakynda içalyçylyk aýyplamalary bilen tussag edilen norweg raýatynyň işi bilen ilteşikli bir russiýaly diplomaty kowdy.
Norwegiýanyň daşary işler ministrligi Russiýanyň ilçisini çagyryp, agzalýan rus diplomatynyň “diplomat wezipesine we durumyna laýyk gelmeýän işlere baş goşandygy” sebäpli, onuň ýurdy terk etmegini haýyş etdi diýip, 19-njy awgustda NRK döwlet telewideniýesi habar berdi.
Hindistanda doglan bir norweg raýaty 15-nji awgustda paýtagt Osloda bir rus aňtaw ofiseri bilen pizza restoranynda duşuşýan wagty Norwegiýanyň PST aňtaw agentligi tarapyndan tussag edildi. Norweg häkimiýetleri güman edilýäniň adyny aýtmaýar, ýöne NRK telekanaly onuň şahsyýetini 50 ýaşly Harşarn Singh Tathgar diýip, anyklady.
Ol 17-nji awgustda dört hepdelik wagtlaýyn tussaglyga alyndy. Sorag wagtynda güman edilýäniň rus diplomatyndan pul alandygyny we oňa maglumat berendigini özüniň boýun alandygy habar berilýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.