Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Bagtsyz çaga" hem "maşgala ýesiri". Londonda Nursoltan Nazarbaýewiň agtygy ýogaldy


Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň agtygy Aýsultan Nazarbaýew.
Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň agtygy Aýsultan Nazarbaýew.

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň agtygy, neşä bagly bolmakdan özüni bejerdýän hem Beýik Britaniýanyň kanun goraýjylary bilen dawasy bolan 29 ýaşly Aýsultan Londonda aradan çykdy.

Aýsultanyň ölendigini ejesi, Gazagystanyň parlamentiniň ýokary öýüniň öňki başlygy tassyklady. 16-njy awgustda Nursoltan Nazarbaýew Fondunyň Facebook sahypasynda ýerleşdiren maglumatynda Dariga Nazarbaýewa: “Meniň maşgalam biziň söýgüli Aýsultanymyzyň aradan çykmagy bilen agyr hasraty başdan geçirýär. Bu agyr sagatda biz jemgyýetçiligiň muňa düşünjegine hem-de maşgalamyzyň öwezini dolup bolmajak hasratyna sarpaly garamagyna umyt edýäris” diýip ýazdy.

Bu Dariga Nazarbaýewanyň soňky wagtlarda gaty dartgynly ýagdaýda köp gezek dile düşen derdeserli ogly baradaky ilkinji kommentariýasydyr.

2019-njy ýylyň oktýabrynda Britaniýanyň sudy Aýsultany poliseýe hüjüm edendigi üçin, şertli ýagdaýda oňa çäre görüpdi hem neşä baglylykdan saplanmak üçin, London klinikasynda özüni bejertmegi buýrupdy. Fewral aýynda bolsa ol Beýik Britaniýadan gaçybatalga sorady.

Soňky aýlaryň dowamynda Aýsultan Nazarbaýewiň gazak hökümetini hem täsirli maşgalalary tankyt edýändigi üçin, köp gezek metbugat maglumatlarynda ady çykdy. Ol Facebooksahypasynda korrupsiýa hem-de galp kompaniýalaryň üsti bilen hapa pullaryň ýuwulyşy barada ýazdy. Bu kölegeli dolanyşygyň arkasynda Nazarbaýewiň hem onuň töweregindäkileriň durýandygyny mälim etdi. Aýsultan öz ömrüniň hem howp astynda durýandygyny, bu howatyryň öz ejesinden gelip çykýandygyny aýtdy. Onuň käbir çykyşlarynda geň maglumatlar hem bardy; hususan-da ol ejesinde nähilidir jadygöýlügiň, gözbagçylygyň bardygyny aýtdy.

Nazarbaýewleriň maşgalasy bu aýdylýanlara ähmiýet bermän geldi, Dariga Nazarbaýewa bolsa Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň žurnalistleriniň beren soraglaryny jogapsyz galdyrdyhem kommentariýa bermedi. Hökümetiň iň ýokary gatlagynda oturanlaryň ol dymyşlygyny şu ýylyň fewral aýynda Informasiýa hem jemgyýetçilik ösüşi ministri Dauren Abaýew belli derejede mälim etdi. Ol: “neşä baglylykdan saplanmak üçin özüni bejerdýän bir adamyň açyk aýdýanlaryna salgylanmak, ony ara alyp maslahatlaşmak ahlaga laýyk däl” diýdi. Şeýle hem Abaýew Aýsultanyň ýagdaýy meselesinde, “owaly bilen onuň ejesiniň betbagtdygyny” aýtdy.

Hakykatdanam, Dariga Nazarbaýewa hem onuň töweregindäkiler Aýsultanyň meselesine ýüzlenmekden mydama gaça durdular. Maý aýynda Dariga Nazarbaýewa parlamentiň ýokary öýüniň başlygy wezipesinden boşadyldy, prezident Kasym-Žomart Tokaýew onuň deputatlyk mandatynyň ýatyrylýandygy baradaky permana gol çekdi hem oňa başga bir wezipe bermedi. Munuň sebäpleri aýdyň bolman galdy. Ýöne bilermenler Nazarbaýewanyň senatdan gitmeginiň bir sebäbini onuň ogly bilen baglanyşdyrdylar.

Aýsultan Nazarbaýewyň maşgalasynyň ýagdaýy belli däl. Gazagystanyň habar gullugynyň maglumatyna görä, ol ýüreginiň durmagy sebäpli ýogalypdyr.

Britaniýany Telegraphgazetiniň ýazmagyna görä, entek koronawirus öjükmänkä ol Gazagystana gidipdir hem ölmezinden on gün öň Londona dolanyp gelipdir.

16-njy awgustda onuň ölüminiň yz ýany sosial ulgamlarda köp sanly seslenme peýda boldy.

Aýsultan Nazarbaýew Sandherst (Sandhurst) ýokary harby Korollyk akademiýasynda okady. Ony gutaransoň Gazagystanyň Goranmak ministrliginiň Baş razwedka uprawleniýesinde işe başlady. Onuň alnynda uly geljek bardy.

Natalýa Sadykowa: Aýsultanyň ömür ýoly – betbagtlyga tarap ýoldy. Belli maşgalalarda bu köplenç şeýle bolýar. Ol ýigitde ähli zat bardy, bagtly durmuş üçin bir zady arzuw edip bolýan bolsa ählisi boldy. Aýsultan owaly bilen Britaniýanyň harby Korollyk akademiýasyny tamamlady, soňra “Portsmuta” ýaşlar komandasynda oýnady, ýokary gatlakdan bolan Boranbaýewiň gyzyna öýlendi. Biz Aýsultanyň neşekeşdigini, onuň öz babasynyň agtygy däl, eýsem ogludygyny, onuň ejesiniň gara jadygöýlük bilen iş salyşýanyny we beýleki gürrüňleri sosial ulgamdan bildik. Aýsultan Nazarbaýew gazak diktatorynyň maşgalasyna örän agyr zarba urup, otuz ýaşa ýetmän dünýäden ötdi. Gynançly tarapy, ol özüniň ýokary gatlak maşgalasynyň ýesiri boldy.

Aýsultan Dariga Nazarbaýewanyň ikinji ogly. Onuň öňki adamsy Rahat Aliýew Nursoltan Nazarbaýewi tankyt edýärdi, ol 2015-nji ýylda Awstriýadaky türmede öldi. Resmi maglumata görä, Rahat Aliýew öz janyna kast edipdir diýildi, ýöne onuň ikinji aýaly zor bilen öldürilendigini aýtdy.

Aýsultan Nazarbaýewiň geçen aýlarda özüni öldürmek isleýändikleri barada ýazandygyny köpler ýatlaýarlar.

Şolpan Esmuhambetowа: Aýsultan edil kakasy – özüni terbiýeläp ýetişdiren Rahat Aliýew ýaly, özüni öldürjek bolýandyklaryny aýtdy. Ol boldumy? Nazarbaýewiň özüne haýp. Razy bolmadyklar şeýdip gidýärler. Razy bol.

Igor Vinyavskiy: Rahat Aliýewiň ogullarynyň haýsy-da bolsa biri kakasynyň ölümi üçin ar aljakdygyna men ynanýardym. Muny Aýsultan eder diýip garaşýardym. Aýsultan sosial ulgamda çykyş edip başlanynda, onuň babasy, hakykatda onuň kakasy Nursoltan Nazarbaýewiň we ejesi Dariganyň açyk garşysyna gitjekdigi ýa tegege ýetjekdigi belli boldy. Şonuň bilen birlikde Rahatyň öz kakasy bolup galýandygyny we onuň ölümini barlatjakdygyny aýtdy. Indi ol derňelmez.

Bota Jardemali: Şu ýylyň başynda Aýsultan öz ejesi Dariganyň ony öldürjekdigini açyk aýtdy. Aýsultan ejesiniň özüni Nursoltan Nazarbaýewden dograndygyny aýtdy. Gazagystan bu aýylgançlykdan tisgindi... Aýsultan şeýle hem gazyň satylyşy boýunça Putiniň adamlary bilen Timur Kulibaýewiň korrupsiýa gatnaşyklary barada, Kulibaýewiň her ýylda $700 mln.ogurlaýandygyny aýtdy. Elbetde, ol ýürek durmasy ýa çakdan aşa neşeden däl. Bu öldürmek. Şeýlelikde, Nazarbaýew Aýsultany açyklygy üçin jezalandyryp, ony ömürlik ümsüm etdi...

Raushan Naiza: Gynançly ýeri, bar zady aýtmaga ýetişmedi...

Aýsultanyň ölümine Gazagystandaky ýagdaýy yzarlaýan daşary ýurtly ynsan hukuklaryny goraýjylar hem žurnalistler seslendiler.

Norwegiýadaky Helsinki komitetiniň işgäri Iwar Dal Twitter’de şeýle ýazgy goýdy: «betbagt ömrüň betbagt soňy».

AFP-yň Merkezi Aziýadaky habarçysy Kris Riklton Aýsultanyň ölümi barada jemgyýet Gazagystanda barýan “gizlin göreşiň görünýän kiçijik, ýöne bulaşyk äpişgäni ýitirdi” diýip ýazdy.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG