Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny bejergi üçin Germaniýa alyp giden uçar Berlinde gondy


Rus oppozisiýa lideri, huşsuz ýatan Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnyý bejergi üçin Germaniý alnyp gidildi. Omsk, 22-nji awgust.
Rus oppozisiýa lideri, huşsuz ýatan Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnyý bejergi üçin Germaniý alnyp gidildi. Omsk, 22-nji awgust.

Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny zäherlenmeden soň Sibiriň Omsk şäherinden Germaniýa ewakuasiýa edýän tiz kömek uçary Berline gondy.

Nawalnyý üçin hususy uçar iberen nemes jemgyýetçilik guramasynyň, “Parahatçylyk üçin kinonyň” esaslandyryjy başlygy Jaka Bizilj näsagyň ýagdaýynyň uçuş wagtynda we gelende “durnukly bolandygyny” aýtdy.

"Uçuş wagtynda we gelip gonandan soň Nawalnynyň ýagdaýy durnukly" diýip, ol Germaniýanyň “Bild” habar gullugyna aýtdy.

Egindeşleri onuň Tomsk şäheriniň aeroportunda içen çaýyndan zäherlenendigini aýdýarlar.

Metbugat wekiliniň beren maglumatyna görä, Germaniýanyň hökümete degişli bolmadyk “Parahatçylyk üçin kino” topary tarapyndan iberilen hususy howa tiz kömek ulagy 22-nji awgustda Omskdan ýola çykyp, Nawalnyny Berliniň “Çarite” keselhanasyna alyp gitdi.

"Alekseýiň ömri we saglygy üçin göreş ýaňy başlanýar, entek öňde içinden geçmeli köp külpet bar, ýöne indi iň bolmanda ilkinji ädim ädildi" diýip, Kira Ýarmyş twitterde ýazdy.

Ýarmyş Nawalnynyň gorag götergisinde uçara alnyp barlyşyny, aýalynyň oňa ýoldaş bolşuny görkezýän suratyny hem çap etdi.

Nawalnyý 20-nji awgustda Sibiriň Tomsk şäherinden Moskwa uçuş wagtynda saglygy ýaramazlaşyp başlandan bäri huşsuz ýatyr. Uçar Omsk şäherine gyssagly gondy.

Nawalnynyň maşgalasy we ýaranlary ony gyssagly bejergi üçin Germaniýa geçirmek tagallasyny etdiler, ýöne näsagy bejerýän rus lukmanlary onuň ýerinden gozgalyp bilinmejekdigini, ýagdaýynyň örän agyrdygyny aýdyp, Kreml tankytçysynyň Omskdäki keselhanadan çykmagyna birnäçe sagatlap ýol bermediler.

Nawalnynyň tarapdarlary rus doktorlarynyň bu kararyny näsagyň bedenindäki islendik zäheri tapmagy kynlaşdyrmak maksady bilen ony mümkin boldugyça eglemek synanyşygy hökmünde ýazgardylar.

XS
SM
MD
LG