Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus AÝ/AR-a, onlarça websahypa girmegi çäklendirýär


Protestçiler. Belarus. Minsk, 21-nji awgust, 2020.
Protestçiler. Belarus. Minsk, 21-nji awgust, 2020.

Belarus häkimiýetleri Azatlyk radiosynyň Belarus gullugyna we beýleki onlarça web sahypasyna girişi çäklendirip, prezident Aleksandr Lukaşenkanyň yglan eden saýlaw ýeňşine garşy çykýan görlüp-eşidilmedik halk protestleri wagtynda maglumat akymyny haýallatmaga çalyşýar.

Maglumat ministrliginiň 21-nji awgustdaky buýrugy, oppozisiýa garşy ulanylýan basyp ýatyryşlara we häkimiýetleriň atýan haýbatlaryna garamazdan, hepde aýagynda ýene köpçülikleýin protestleriň dowam etdirilmegine garaşylýan wagtynda çap edildi.

Azatlyk radiosynyň Belarus dilindäki Svaboda.org saýtyndan başga, ýene 72 websaýt we proksi VPN hyzmatlary petiklendi.

Bu sahypalara girmek synanyşygy edilende, ekranda Belarusyň Maglumat ministrliginiň girişi petikländigi barada habar peýda bolýar.

Petiklenen habar web sahypalary "Belsat", "Euroradio" we "Mediazona Belarus" neşirlerini hem öz içine alýar.

Şeýle-de, bu buýruk esasynda 9-njy awgustda geçirilen saýlawlaryň netijelerine gözegçilik etmek üçin döredilen web sahypalara, şol sanda zubr.in we Ses platformalaryna girmek hem çäklendirildi.


Saýlawdan öň we ses berişlik geçeli bäri oppozisiýanyň basyp ýatyrylyşyna gözegçilik edýän belarus hukuk guramasy “Wýasna” bilen bagly web sahypalary hem çäklendirildi.

XS
SM
MD
LG