Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň adyna ABŞ-nyň prezidentinden hat gelip gowuşdy


Donald Tramp
Donald Tramp

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampdan hat gelip gowuşdy. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) 22-nji awgustda habar berdi.

“Amerikan halkynyň adyndan ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň iki ýüz kyrk dört (244) ýyllygy mynasybetli iberen gutlag sözleriňiz üçin Size hoşallyk bildirmäge rugsat ediň. 4-nji iýul Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin amerikan halkynyň taryhyna hem-de biziň buýsanýan demokratik we azatlyk ugrundaky däplerimize biziň gatnaşyklarymyzyň nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm senedir” diýlip, resmi habarda amerikan prezidentiniň haty sitirlenýär.

Şeýle-de, onda “Biz hemişe dostlarymyz we pikirdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň pugtalandyrylmagyna ymtylýarys hem-de gymmatlyklarymyzyň we maksatlarymyzyň geljekde ýüze çykyp biljek islendik kynçylyklaryň öňünde bilelikde işlemek üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys” hem diýilýär.

Aşgabat bilen Waşingtonyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG