Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusy başdan geçirýän çagada başga nähili keseliň döremegi mümkin?


Çagalar yssyny halap barmaýarlar. Bezeg suraty.
Çagalar yssyny halap barmaýarlar. Bezeg suraty.

Gyrgyzystanda 388 çaganyň koronawirusa ýolugandygy resmi ýagdaýda aýdyldy. Entek bedeni berkemedik ýaş ynsanlara bu keseliň ýokuşmagy bilen nähili üzlükme emele gelip biler? Kesel agyrlaşan ýagdaýynda, nähili täsirler ýüze çykyp biler?

2020-nji ýylyň iýul aýynda ABŞ-da takmynan 100 müň çagada hem ýetginjekdeCOVID-19bardygy aýan edildi. Olardan 90 sany keselli ýogaldy. Bu kesele ýoluganlaryň arasynda Kawasaki alamatlary, ýagny çaganyň tenine goňur-mämişi örgün örmek hem kiçi we orta damarlaryň zaýalanmagy ýaly alamatlar aýan edildi.

Koronawirusy kiçi ýaşdakylar ýeňil geçirýär diýseler-de, ol kesel bedeni berkemedik ynsana agyr täsir ýetirip biler.

Gyrgyzystandaky Eneleri we çagalary goramagyň Milli merkeziň direktory Kamçybek Uzakbaýewiňaýtmagyna görä, mart aýyndan bäri 388 çagada COVID-19wirusynyň bardygy resmi taýdan yglan edildi, olardan bir çaga ýogaldy.

Kamçybek Uzakbaýew.
Kamçybek Uzakbaýew.

‒Onuň bir ýaşy hem dolmandy. Ony biziň keselhanamyza getirip bilmediler. Çagalaryň koronawirusdan ölendigi barada başga resmi maglumat ýok. Biziň Naryndaky kärdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, ol çagada koronawirusa degişli geçirilen barlag oňyn netije beripdir. Gyrgyzystanda koronawirus ýaýrap başlady diýlenden, ol çaganyň ganyndan keseliň alamatlary tapylypdyr.

Umuman, biz şeýle netijä geldik, şolar ýaly çagada anemiýa – gan azlygy sebäpli olaryň immuniteti gowşak bolýar. Epidemiýa başlanan uçurlarynda biz – medikler oňa ýolukmak töwekgelçiligi bolanlary toparlara böldük. Şol sanawda gan bilen baglanyşykly näsazlygy bolan çagalar iň ýokarda durýar, ondan soňra öňden ýarawsyz bolan hroniki näsaglar, üçünji orunda dürli hirurgiýa operasiýalary başdan geçirenler. Wirus owaly şolar ýalylara howp abandyryp biljekdi – diýip, Kamçybek Uzakbaýewaýdýar.

Wirusyň güýzde öjükmegi mümkin

Kamçybek Uzakbaýewiň sözüne görä, häzir çagalary güýz hem gyş paslynda wirusdan goramagyň profilaktiki çäreleri geçirilýär. Ýerlerde çaga wraçlarynyň, çagalar reanimatolog-anesteziologlaryň ýetmezçiligi sebäpli goşmaça kadrlary taýýarlamak hem olara hünär öwretmek meselesine garalýar. Mundan daşary-da, infeksiýa keselhanalarynyň ýanynda, çagalar bölümini açmak barada hökümet resmilerine ýüz tutulypdyr.

Çagalar baglarynyň hem mekdepleriň işläp başlamagy bilen kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda wirusyň ýokuşmak töwekgelçiligi örän ýokary bolar.

‒Biziň ýurduň epidemiologiýa ýagdaýyna örän ünsli bolmagymyz gerek. Çagasy çagalar baglaryna ýa mekdebe gidýän ata-eneler bolsa, olara şahsy gigienany berjaý etmegi – elini sabyn bilen ýuwmagy, antiseptiklerden peýdalanmagy, sosial aralygy saklamagy öwretmekleri gerek. Mundan daşary-da, biz netijeli kontroly ýola goýjak bolsak, çagalar baglaryndaky örän uly toparlary bölüp, az sanly toparlary döretmeli. Muňa ýardam etmegi üçin, biz çagalar bilen işleşer ýaly terbiýeçileri taýýarlamagy göz öňünde tutýarys – diýip, Eneleri we çagalary goramagyň Milli merkeziň direktory K. Uzakbaýew mälim etdi.

«Gyrgyzystanda hem Kawasaki alamatlary döräp biler»

Şol wagtyň özünde bişkekli wraç Bekmamat Surapowiýul aýynyň ortalarynda bir maşgaladan ählisini bejerendigini aýdýar. Maşgaladaky ýedi ýaşly çagada wirus ötüşip, autoimmun keseli – Kawasaki alamaty döräpdir.

‒Ähli alamatlara görä onda waksulit bolmaly. Başda men Kawasaki alamaty barada düýpli bir oýlanmadym, sebäbi ol örän seýrek duşýan kesel, ýöne soňy bilen çagada onuň bardygyny bildim. Ol iki hepdeläp öýde hem ambulator şertinde bejergi aldy. Häzir onuň ýagdaýy kadaly.

Kawasaki alamaty diýilýäni örän seýrek duşýan kesel, hatda tejribeli gematologlar hem ony görendir öýdemok... Kawasaki alamaty waksulit ýaly patogenetik, olar biri-birinden tapawutlanmaýarlar. Biz ony waksulit bar ýaly bejerdik, häzir onuň ýagdaýy gowy – diýip, wraç düşündirýär.

Bu maşgalada 10 ýaşa ýetmedik dört çaga bar, iň kiçisi süýtden aýrylmadyk. Olaryň ählisi COVID-19üçin analiz tabşyrdylar,olaryň ählisinde hem immunoglobulin G aýan edildi, ýagny olar infeksiýany göterijiler eken. Kawasaki alamaty bolan oglan barada aýtsak, ol howuzda suwa düşüp aşa sowuklapdyr. Bir gün geçensoň, onuň ýagdaýy agyrlaşyp, gyzgyny galyp başlapdyr. Häzir biz COVID-19bilen kesellänleriň ählisine sowuklamadan daşda durmagy maslahat berýäs.Menem çagalary ýarawsyz bolanlara şony maslahat berýän – diýip, wraç Bekmamat Surapow aýdýar.

Gyrgyzystanyň medisina işgärleriniň aýtmagyna görä, çagada öňden gelýän hroniki kesel bolmasa, koronawirus ýokuşaýanda, ony ýeňil geçirýär. Şol wagtyň özünde respirator keseliniň ýiti görnüşiniň autoimmun keselini döredip biljekdigini Günbatar alymlary subut edýärler.

Sentýabrdan çagalar baglary hem mekdepler açylar diýlip garaşylýar.
Sentýabrdan çagalar baglary hem mekdepler açylar diýlip garaşylýar.

Rotterdam uniwersitetiniň aspiranty hem-de koronawirusy öwrenmek boýunça Moskwa şäherindäki terapewtler birleşiginiň agzasy Amir Talipowçagada COVID-19agyr görnüşde geçen bolsa,Kawasaki alamatynyň döremeginiň mümkindigini aýdýar.

‒Hakykatda onuň alamatlary örän köp, ýöne hususan-da çagada agyr kelleagyrynyň emele gelmegi, gözünde ýiti agyry, konýunktiwit hem gastroenterologiýa alamatlary bolan ýürekbulanma, içgeçme hem gusmak ýaly näsazlygyň ýüze çykmagy howply alamat. Mundan daşary-da, ol-bu ýerinden, köplenjem burnundan gan akmagy bolup biler. Garnynda ýiti agyry döreýär hem çaganyň bütin tenine owunjak örgün örýär.

Onuň nämedigini diňe wraç kliniki barlagdan soň kesgitläp biler. Munuň üçin gandan analiz alynýar. Ikinji bir görkeziji –С-reaktiw beloklarynyň derejesi bolup durýar, ol dümewlemäniň derejesini görkezýär. Şeýlelikde, kliniki barlaglar hem analizleriň netijesini düýpli öwrenmek, munuň daşyndan hossarlaryň hem ol çaganyň öz aýdýanyna üns bermek arkaly şol diagnozy goýup bolar. Üstesine-de, bu işi örän çalt amala aşyrmaly, sebäbi bu ynsan ömrüne – janyna bagly. Kawasaki alamaty örän seýrek kesel bolsa-da, bu onuň ýokdugyny aňlatmaýar.

Koronawirusy geçiren çagalarda autoimmun keseliniň bardygyny aýan edip, ony hem-de gandaky keseli bejermek üçin protokol düzmek işine Eneleri we çagalary goramagyň Milli merkezinde ýörite wraçlar topary döredildi. Ol bilermenler beýleki işlerden daşary-da, COVID-19ýokuşan çagada we ýaşlarda saglygy dikeltmek ugurlaryna-da garaýarlar.

Gyrgyzystanda her günde koronawirus infeksiýasynyň bardygy laboratoriýa tarapyndan tassyk edilenleriň sanawy ýöredilýär hem ölenleriň sany aýdylýar.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG