Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa 24-nji awgustda Litwada ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Stiwen Biegun (Stephen Biegun) bilen duşuşyp, Belarusdaky jedelli saýlawalardan soňky dörän ýagdaýlara parahat çözgüt tapmagyň ýollaryny maslahat ederler.
Bu aralykda, mundan bir gün öň Belarusyň paýtagty Minskde, Aleksandr Lukaşenkanyň ses berişlikde nobatdaky möhlete prezident saýlandy diýlip yglan edilmegine, şeýle-de polisiýanyň saýlawlardan soňky demonstrasiýalary gazaply basyp ýatyrmagyna garşy nägilelik bildirip, 100 müňden hem aşa protestçi şäheriň köçelerine çykdy.
Içeri işler ministrligi ýekşenbe güni geçirilen protestlerde hiç kimiň saklanmandygyny mälim etdi. 9-njy awgustdaky prezidentlik saýlawlaryndan soňky üç günüň dowamynda protestler gazaply basylyp ýatyrylyp, müňlerçe adam hem tussag edilipdi.
23-nji awgustda giçlik adamlar, pitnä garşy polisiýa bilen hiç hili çaknyşyk bolmazdan, dargap başladylar. “Täze Belarus Ýörişi” atlandyrylan çärä gatnaşanlar paýtagtyň merkezine ýygnanypdylar.
Protestçiler tapgyr 15-nji gün Lukaşenkanyň wezipesinden çekilmegini, şeýle-de 9,5 million ilatly bu Gündogar Ýewropa döwletinde täze saýlawlaryň geçirilmegini talap etdiler.
Protest çäresi aglaba tamamlanandan soňra, Telegram kanallarynda egninde okdan goraýan keltekçeli we eli awtomatly Lukaşenkanyň wertolýotda şäheriň üstünden uçup barýandygyny görkezýän wideolar peýda boldy.
Protestler ýurduň beýleki şäherlerinde hem geçirildi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.