Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşýar, Utgaşdyryjy geňeşiň iki agzasy tussag edildi


Swetlana Tihanowskaýa
Swetlana Tihanowskaýa

Protestler umuman sowlansoň, Telegramda Lukaşenkanyň ok geçirmeýän keltekçe geýip, eli tüpeňli şäheriň üstünden dikuçarly uçuşyny görkezýän wideo peýda boldy.

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanouskaýa 24-nji awgustda Litwada ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Stiwen Biegun bilen duşuşyp, görlüp-eşidilmedik protest tolkunyna sebäp bolan dawaly prezident saýlawyna parahatçylykly çözgüt tapmagyň ýollaryny maslahatlaşar.

Bu duşuşyk 23-nji awgustda, Minskde 100 müňden gowrak protestçiniň köçeleri dolduryp, saýlawdan soňky günlerde demonstrantlara garşy güýç ulanan howpsuzlyk güýçleriniň berk gözegiçiligi astynda, harbylaryň täze duýduryşlaryna garaman, prezident Aleksandr Lukaşenkanyň gaýtadan saýlanmagyna garşy köpçülikleýin ýöriş geçirmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Içeri işler ministrligi protest ýörişi wagtynda hiç kimiň tussag edilmändigini aýtdy. Bu häkimiýetleriň 9-njy awgustda geçirilen saýlawlardan soň müňlerçe adamyň tussag edilmegine we azyndan üç adamyň ölmegine sebäp bolan zorlukly basyp ýatyryş çemeleşmesinden saklanýandygyny görkezýär.

Agşamlyk adamlar pitnä garşy durýan polisiýa güýçleri bilen çaknyşman, parahatçylykda dargap başlady.

Adamlar şäher merkezine toplanyp, garşy durmagyň 15-nji gününde, Lukaşenkanyň wezipesinden aýrylmagyna we 9,5 million ilatly Gündogar Ýewropa ýurdunda täze saýlawlaryň geçirilmegine çagyryp guran protestlerini "Täze Belarusyň ýörişi" diýip atlandyrdylar.

Protestçileriň köpüsi ak we gyzyl reňkli belarus baýdagyny göterip, şäheriň Garaşsyzlyk meýdançasynda toplandy. Olar ýurdy 26 ýyllap awtoritar usulda dolandyran Lukaşenkanyň wezipeden aýrylmagyna çagyryp, "Git!", "Çekil!" diýip gygyrdylar.

Protestler umuman sowlandan soň, Telegramda Lukaşenkanyň ok geçirmeýän keltekçe geýip, eli tüpeňli şäheriň üstünden dikuçarly uçuşyny görkezýän wideo peýda boldy.

Awtoritar lideriň prezident köşgünde dikuçardan düşýän wagtynda "Olar syçan ýaly gaçdylar" diýendigi eşidilýär.

Lukaşenka goşuna doly söweş taýýarlygynda durmagy buýurdy. Bu ýagdaý görlüp-eşidilmedik köçe protestlerini dargatmak üçin goşunyň, ganly basyp ýatyryş çäreleriniň ulanylmak ähtimallygy baradaky aladalary ýokarlandyrdy.

Minskiň daşynda

Beýleki şäherlede, şol sanda Brestde we Hrodnoda hem uly protest ýygnanyşyklary geçirildi, şeýle-de Litwada uly protest çäresi guraldy, adamlar Wilnýusdan Belarus bilen serhede çenli aralykda 30 kilometrlik adam zynjyryna düzülip, täze saýlawlary talap edýän belaruslara raýdaşlyk görkezdiler.

Häkimiýetleriň maglumat almak we bermek mümkinçiliklerini çäklendirmek ugrunda eden synanyşyklary sebäpli, ulgamlary ulanyjylar internete baglanmak kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Protestçileri "faşistler" diýip häsiýetlendiren Goranmak ministrligi ýörişiň öňüsyrasynda eden beýanatynda Ikinji jahan urşunyň pidalaryna bagyşlanan ýadygärliklere şek ýetirilmezligi barada aýratyn duýduryş berdi.

Ministrlik bu hili ýerlerde parahatçylygyň we tertip-düzgüniň hiç bir jähtden bozulmaly däldigini duýduryp, uly harplar bilen "Siz indi polisiýa bilen däl, goşun bilen iş salşarsyňyz" diýip ýazdy.

Bu beýanat Lukaşenka, onuň aýtmagyna görä, harbylara ýurtda daşary ýurt planlary esasynda goldanylýan "reňkli rewolýusiýa" garşy durmak üçin "berk çäreleri görmegi" buýrandan soň, harby gullukçylaryň harby ulaglarda Minskä getirilýändigi göze ilenden soň edildi.

Sesleriň 60-70 göteriminde ýeňiş gazanandygyny aýdýan oppozisiýa kandidaty Tihanowskaýa 22-nji awgustda belarus halkynyň “öz hukuklary üçin göreşmelidigini” we Lukaşenkanyň ýurduň harby howp astyndadygy baradaky sözlerine baş galdyrmaly däldigini aýtdy.

Interfaks we RIA-Nowosti habar gulluklarynyň maglumatlaryn görä, Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 23-nji awgustda Belarusy terk eden oppozisiýa agzalaryny "gan dökmek" synanyşygynda aýyplady.

Şeýle-de, ol Moskwanyň Belarusda hakyky giň milli dialogyň başlamagyna çagyrýandygyny we Orsýetiň belarus häkimiýetleriniň oppozisiýa bilen gepleşikler baradaky islendik kararyny kabul etjekdigini aýtdy.

Ýöne ol Belarus halkynyň "bu ýagdaýdan nädip çykmalydygyny özleri üçin özleriniň çözjekdigini" hem sözüne goşdy.

Belarus häkimiýetleri oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýanyň utgaşdyryjy geňeşiniň iki agzasyny Minskdäki traktor zawodynyň daşynda tussag etdi.

Şu aralykda, döwlet eýeçiligindäki BelSAT habar gullugy oppozisiýanyň utgaşdyryş geňeşiniň ýene bir agzasynyň, aklawçy Liliýa Wlasowanyň sorag üçin 24-nji awgustda Minskdäki Belarus derňew komitetiniň baş edarasyna çagyrylandygyny habar berdi.

Utgaşdyryjy geňeş Tihanowskaýanyň baş kömekçisi Bolha Kowalkowanyň we iş taşlaýyş guramaçysy Syarheý Dilewskiniň 24-nji awgustda tussag edilip, Minsk traktor zawodynda (MTZ) rugsatsyz protest ýygnanyşygyny gurnamakda aýyplanýandygyny aýtdy.

30 ýaşly Dilewski traktor zawodynyň işgäri we onuň prezident Aleksandr Lukaşenkany aç-açan tankyt etmegi halkara habar beriş serişdeleriniň ünsi bilen birlikde Belarus polisiýasynyň basyşyny hem özüne çekdi.

Kowalkowanyň egindeşi Dzyanis Sadowskiniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, polisiýa utgaşdyryjy geňeşe tussag edilen iki adamyň "administratiw" işiň çäginde saklanandygyny we olara jerime salynjakdygyny aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG