Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Günorta Koreýa COVID-19 ‘krizisi’ bilen ýüzbe-ýüz bolýar


Dünýäde koronawirus bilen azyndan 23 million adam keselledi we ol sebäpli 800 müňden hem aşa adam öldi.

Günorta Koreýa ýurtda tertip 11-nji gün koronawirusa ýoluganlaryň üç belgili görkezijileriniň hasaba alynmagy bilen, paýtagtda hem daşarda, hem-de binalaryň içinde ýüz maskalaryny dakynmak düzgünini girizdi.

Täze ýagdaýlar esasan 51 million ilatly paýtagt Seulda hasaba alyndy. Emma ýurduň ähli 17 sebitinde koronawirus bilen keselleýänler barha köpelýär. Günorta Koreýada umumy hasapda wirusa 17 müň 665 adam ýolugdy we ondan 309 adam öldi.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň pandemiýany yglan etmeginden bäş aý çemesi wagt soň, koronawirus dünýäniň adaty durmuşyny üýtgetdi, şeýle-de wirus bilen azyndan 23 million adam keselledi we ol sebäpli 800 müňden hem aşa adam öldi.

Günbatar Ýewropa döwletlerinde, esasan hem Ispaniýada, Italiýada, Germaniýada we Fransiýada hem wirusyň barha köp täze ýagdaýlary ýüze çykarylyp başlandy.

Soňky hepdeleriň dowamynda Hindistanda dünýä boýunça koronawirus bilen keselleýänleriň gündelik iň köp görkezijileri hasaba alynýar. Bu ýurtda her günde 70 müň töweregi täze koronawirus hassalary ýüze çykarylýar. Hindistanda 3 million koronawirus ýagdaýlary tassyklandy. Emma 1.3 milliard ilatly bu ýurtda wirusa ýoluganlaryň asyl sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigi bellenilýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda ýeke koronawirus ýagdaýynyň hem tassyklanmandygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG