Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaaganyň halkara kazylary Mladiçiň genosid baradaky şikaýat arzasyny diňläp başlady


Ratko Mladiç
Ratko Mladiç

25-nji awgustda Gaagadaky halkara kazylar bosniýaly serbleriň harby komandiri Ratko Mladiçiň Srebrenisa gyrgynçylygy bilen bagly genosid we beýleki uruş jenaýatlary sebäpli ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegine garşy şikaýat arzasyny diňläp başladylar.

Iki gün dowam etjek diňlenişik, 78 ýaşly öňki generalyň içegesindäki zyýansyz polipi aýyrmak üçin operasiýa zerurlygy we soňra-da koronawirus pandemiýasy sebäpli birnäçe gezek yza süýşürilipdi.

“Bosniýanyň gassaby” diýlip hem atlandyrylýan Mladiç 1990-njy ýyllarda Bosniýa raýat urşundaky roly üçin genosidde, adamzada garşy jenaýatlary we uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda günäli tapylyp, 2017-nji ýylda ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu jenaýatlar Mladiçiň bosniýaly serb güýçleriniň 1995-nji ýylyň ortalarynda Bosniýanyň gündogaryndaky kiçi şäherde, ýagny Srebrenisada amala aşyran genosidini hem öz içine alýar. Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropada amala aşyrylan iň erbet köpçülikleýin öldürilme diýlip atlandyrylýan bu wakada 8000 töweregi musulman erkek we oglan öldürilipdi.

26-njy awgustda Mladiçiň 10 minutlap kazyýetde çykyş etmegine rugsat berler. Onuň sud zalyna geljekdigi ýa-da Gollandiýanyň Şewingenen şäherindäki tussaghanadan wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşjakdygy heniz belli däl.

XS
SM
MD
LG