Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda suw joşmasynda azyndan 100 adam öldi


 Parwan welaýatynyň merkezi şäherinde suw joşmasynda azyndan 13 adam öldi. 26-njy awgust, 2020 ý.
Parwan welaýatynyň merkezi şäherinde suw joşmasynda azyndan 13 adam öldi. 26-njy awgust, 2020 ý.

Owganystanda güýçli ýagyşlaryň yzy bilen dörän suw joşmasynda azyndan 100 adam öldi we 300 töweregi ýaralandy. Bu barada 26-njy awgustda owgan resmileri maglumat berdiler.

Owganystanyň tebigy heläkçilikler boýunça ministri hadysada Parwan welaýatynda 1 müňe golaý jaýyň weýran bolandygyny hem aýtdy.

Parwan welaýatynyň hökümetiniň metbugat wekili gözleg işleriniň dowam etdirilýändigini, adam pidalarynyň sanynyň hem artyp biljekdigini duýdurdy.

Parwan welaýatynyň paýtagty Çarikar şäheriniň keselhanasynyň başlygy Abdul Kasim Sanginiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, keselhana 68 jeset we 90 ýaraly adam getirilipdir.

Sangin pidalaryň aglabasynyň aýallar we çagalardygyny aýtdy. Ol keselhana getirilenleriň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygyny hem belledi.

Owgan prezidenti Aşraf Gani Parwana we beýleki sebitlere kömek ýollamak barada buýruk çykardy we heläk bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi.

XS
SM
MD
LG