Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB basyp ýatyryşlar üçin sanksiýa girizmek meselesine seredýär, Belarus Nobel baýragynyň eýesini soraga çekýär


 Swetlana Alekseýewiç, derňewçi žurnalist, Nobel baýragynyň eýesi
Swetlana Alekseýewiç, derňewçi žurnalist, Nobel baýragynyň eýesi

Şu aýda geçirilen dawaly saýlawlarda bäsleşen bäsdeş, basyp ýatyryşlara garamazdan, 25-nji awgustda daşary ýurtda çykyş edip, ýurduň demokratiýa tarapdar hereketiniň “synmajakdygyny” aýtdy.

Belarus häkimiýetleriniň awtoritar prezident Aleksandr Lukaşenkanyň işinden çekilmegini talap edýän oppozisiýa garşy görýän basyp ýatyryş çäreleriniň giňelmeginiň çäginde, 26-njy awgustda ýurduň 72 ýaşyndaky ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Swetlana Alekseýewiçiň sorag edilmegine garaşylýar.

Belarusyň iň meşhur diri ýazyjysy bolan Alekseýewiç Derňew komitetine oppozisiýanyň Utgaşdyryjy geňeşiniň iki agzasynyň onlarça müň adam toplan we Lukaşenkanyň 26 ýyllyk dolandyryşynda iň uly synag bolan ygtyýar berilmedik protest ýygnanyşygyny guranlygy üçin tussag edilmeginiň bir gün soňundan çagyryldy.

Hökümeti tankytlaýan Alekseýewiçiň Utgaşdyryjy geňeşiň köpçülikleýin ýygnaklaryna gatnaşyp-gatnaşmandygy belli däl. Aýdylmagyna görä, koronawirus pandemiýasy sebäpli, ol öýünden seýrek çykýar.

Lukaşenka geçen hepde häkimiýet geçişine ýol açmak üçin hökümet bilen gepleşige başlamak maksadynda döredilen Utgaşdyryjy geňeşi ýurtda häkimiýeti ele geçirmek üçin edilýän bikanun synanyşyk hökmünde häsiýetlendirdi.

Häkimiýetler 21-nji awgustda bu geňeşe garşy jenaýat işini açyp, onuň görnükli agzalaryny tussag etmek we jogapkärçilige çekmek işlerini güýçlendirdi.

Şu aýda geçirilen dawaly saýlawlarda bäsleşen bäsdeş, basyp ýatyryşlara garamazdan, 25-nji awgustda daşary ýurtda çykyş edip, ýurduň demokratiýa tarapdar hereketiniň “synmajakdygyny” aýtdy.

"Repressiýalara, fiziki güýç bilen gorkuzylmagyna we azatlykdan mahrum edilmek howpuna garamazdan, belaruslar soňky iki hepdäniň dowamynda ýan bermejekdiklerini görkezme kemini goýmadylar" diýip,Swetlana Tihanowskaýa Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komiteti bilen guralan wideosöhbetde aýtdy.

Swetlana Tihanowskaya
Swetlana Tihanowskaya

Ol bu wideosöhbete 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň, özüne we maşgalasyna haýbat atylandygy barada çykan habarlaryň arasynda giden ýurdundan, Litwadan gatnaşdy.

Bu sözler ÝB resmisiniň AFP habar gullugyna beren interwýusynda Bileleşigiň daşary işler ministrleriniň 26-njy awgustda Berlinde resmi däl gepleşik geçirip, Belarusda saýlawlary galplaşdyrmak we demonstrantlary basyp ýatyrmak bilen baglanyşykly 15-20 resminiň aktiwlerini doňdurmak we syýahat gadaganlygyny girizmek nyşanasyna alynjakdygyny aýdan wagtyna gabat geldi.

Resmi taýdan ýeňiji diýlip yglan edilmegine garşy iki hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýän protestlere we barha ýokarlanýan halkara ýazgarmalaryna garamazdan, Lukaşenka häkimiýet başynda galmak isleginde berk durýandygyny görkezdi.

Tihanowskaýanyň utgaşdyryjy geňeşiniň prezidiumynyň iki agzasy, rugsatsyz protestleri gurnandygy üçin diýlip, bir gün ozal tussag edilenden soň, 25-nji awgustda 10 günlük azatlykdan mahrum edildi.

Iş taşlaýyş guramaçysy we Geňeş prezidiumynyň agzasy Syarheý Dilewski Minsk Traktor zawodynda (MTZ) rugsatsyz protest ýygnanyşygyny gurnandygy üçin azatlykdan mahrum edildi.

Tihanowskaýanyň Belarusdaky esasy wekili Wolha Kowalkowa hem şuňa meňzeş aýyplama bilen azatlykdan mahrum edildi.

Geňeşiň başga bir agzasy, teatr müdiri we öňki medeniýet ministri Pawal Latuşka Derňew komitetiniň soraglaryna 25-nji awgustda jogap berdi, ýöne ol tussag edilmedi. Şeýle-de, hiç bir bikanun iş etmeýändigini aýdyp, ol oppozisiýa geňeşindäki işini dowam etdirjekdigini nygtady.

Tihanowskaýa Ýewropanyň kanun çykaryjylary bilen söhbetdeşlik wagtynda belarus protestçileriniň azyndan alty sanysynyň öldürilendigini, onlarça adamyň polisiýa gözegçiliginde ýitendigini aýtdy, "syýasy hukuklara hormat goýulmagyny", Belarusdaky "ähli syýasy tussagyň" boşadylmagyny we häkimiýetleriň "zorlugynyň we gorkuzmagynyň" soňlanmagyny talap etdi.

"Belarus oýandy. Biz indi oppozisiýa däl. Biz indi köplük" diýip, Tihanowskaýa 23-nji awgustda Minskiň köçelerine 200 müňden gowrak adamyň çykandygyny, munuň şu wagta çenli geçirilen iň uly nägilelik protesti bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol öz hereketiniň syýasy krizisden çykmak üçin Minskdäki häkimiýetler bilen gepleşik geçirmäge taýýardygyny gaýtalady.

Tihanowskaýa "dünýädäki ýurtlaryň ählisini" Belarus halkynyň "erkin we adalatly" saýlaw netijesini gazanmak ugrundaky tagallalaryny goldamaga, şol bir wagtyň özünde "Belarusyň özygtyýarlylygyna" we "territorial bitewiligine" hormat goýmaga çagyrdy.

"Halkyň erk-islegi syndyrylyp bilinmez. Men özümiziň erkin we adalatly saýlawlara dialog arkaly ýetmek niýetimizi jar edýärin" diýip, ol aýtdy.

Tihanowskaýa Belarus häkimiýetleriniň hökümete garşy protestleriň zorlukly bolandygy barada aýdanlaryny hem ret etdi.

"Parahatçylykly rewolýusiýa bolup geçdi" diýip, ol ýurt boýunça guralan protest çykyşlarynyň hiç bir jähtden "geosyýasy rewolýusiýa" bolmandygyny nygtady.

"Bu ne orsýetçi, ne-de ruslara garşy rewolýusiýa. Bu ne Ýewropa Bileleşiginbe garşy, ne-de Ýewropa Bileleşigini goldaýan rewolýusiýa. Bu demokratik rewolýusiýa - halkyň öz liderlereini öz ykballary üçin erkin we adalatly saýlamaga bolan ymtylyşy" diýip, ol aýtdy.

Aleksandr Lukaşenka
Aleksandr Lukaşenka

Lukaşenka Belarus goşunyna doly söweş taýýarlygynda bolmagy buýurdy we bu ýagdaý goşunyň ýurtda görlüp-eşidilmedik köçe protestlerini güýç bilen basyp ýatyrmak ähtimallygy baradaky gorky-howatyrlary güýçlendirdi.

Şeýle-de ol Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Bilelikdäki Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň Belarusda protest guramaçylary bilen bolup biljek islendik gapma-garşylykda özüni goldajakdygyna ynam bildirdi.

Belarusyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Aleksandr Wolfowiç 25-nji awgustda ýurduň goşunynyň "döwletiň, jemgyýetiň we Belarusda asuda ýaşamak we işlemek isleýän her bir raýatyň" howpsuzlygyny üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Belarus saýlawlaryny ne erkin, ne-de adalatly diýip hasapladylar we ýurduň häkimiýetlerini Tihanowskaýanyň topary bilen gepleşik geçirmäge çagyrdylar.


Goňşy Orsýet, maliýe we syýasy ugurlar arkaly Minskä belli bir derejede täsir ýetirýän taryhy ýaran 25-nji awgustda Ýewropa Bileleşigine we ABŞ-a Belarusa garşy sanksiýa girizilmezligi ýa-da Belarusyň işlerine goşulmazlyk barada duýduryş berdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Stiwen Biegun Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa Waşingtonyň "Belarus halkyna garşy zorluk ulanylmagy" ýazgarýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, Biegun Lawrow bilen gepleşiklerinde "Belarusyň özygtyýarlylygyny we halkyň öz ykbalyny kesgitlemek hukugyny goldaýandygyny" aýtdy.

XS
SM
MD
LG