Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pens respublikan konwensiýada sözlän sözünde “Siz Jo Baýdeniň Amerikasynda howpsuz bolup bilmersiňiz!” diýdi


ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense Merilend ştatynyň Baltimor şäherinde geçirilen respublikan milli konwensiýada çykyş edýär. 26-njy awgust.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense Merilend ştatynyň Baltimor şäherinde geçirilen respublikan milli konwensiýada çykyş edýär. 26-njy awgust.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens, 3-nji noýabr prezident saýlawlary üçin möhüm ştat bolan Wiskonsinde jynsparazlyk bilen ilteşdirilýän zorlugyň täzeden tutaşýan wagty, 26-njy awgustda respublikan milli konwensiýada sözlän sözünde kanun we tertip-düzgün barada çykyş etdi.

Partiýasynyň özüne iş başyndaky prezident Donald Trampyň wise-prezidenti wezipesine hödürlemegini kabul eden Pens bir afrikan amerikalynyň 23-nji awgustda akýagyz polisiýa işgäri bilen çekeleşende atylmagynyň yzýany, Wiskonsin ştatynyň Kenoşa şäherinde soňy zorluga ýazan bidüzgünçiligi boýun aldy.

Ol özüniň we Trampyň adamlaryň parahatçylykly protest geçirmek hukugyny goldaýandyklaryny, ýöne bidüzgünçiligiň we talaňçylygyň parahatçylykly protest däldigini aýtdy. Ol Tramp bilen Pensiň ýeňşi “her bir amerikaly üçin bu ýurduň köçelerinde tertip-düzgüni aňladar” diýip, sözüne goşdy.

Pens Trampyň garşydaşy Jo Baýdeni hem tankytlady. Ol Demokratik partiýadan prezidentlige hödürlenen dalaşgäriň “Amerikanyň şäherlerinde zorluga ýol açýan syýasatlary iki esse artdyrjakdygyny” aýtdy. “Siz Jo Baýdeniň Amerikasynda howpsuz bolup bilmersiňiz” diýip, Pens sözüniň üstüni ýetirdi.

Baýden Twitterde jogap berip, “bu mundan artyk has aýdyň bolup bilmez, amerikalylar ýa ýene köp ýyl ‘gorkyny, bölünişigi we ýigrenji’ saýlar, ýa-da “umydyň, agzybirligiň hem-de ýagtylygyň” ýoluny saýlar” diýdi.

XS
SM
MD
LG