Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus prokurorlary Nawalnyý işinde jenaýat alamatynyň ýokdugyny aýdýarlar


Goşarlaryna "Putin ganhor" diýip ýazyp, Alekseý Nawalnyny goldaýan piketçi. Sankt-Petersburg, 21-nji awgust, 2020
Goşarlaryna "Putin ganhor" diýip ýazyp, Alekseý Nawalnyny goldaýan piketçi. Sankt-Petersburg, 21-nji awgust, 2020

Rus prokurorlary 27-nji awgustda şu wagta çenli Alekseý Nawalnyýyň garşysyna jenaýat edilendigini görkezýän hiç hili subutnamanyň ýokdugyny aýtdylar we oppozisiýa liderini bejerýän nemes lukmanlarynyň onuň saglyk ýagdaýlary baradaky ýazgylaryny paýlaşmaklaryny talap etdiler.

Korrupsiýa garşy kampaniýa alyp barýan we prezident Wladimir Putiniň berk tankytçysy bolan Nawalnyý häzir nemes keselhanasynda bejergi alýar. Ol korrupsiýa derňewleri bilen bagly Sibiriň Tomsk şäherinde bolup, yzyna uçup gelýärkä huşuny ýitirdi.

Nawalnynyň bejergi alýan Berlin keselhanasynyň lukmanlary ilkinji lukmançylyk barlagynyň zäherlenme alamatlaryny görkezýändigini aýtdylar.

Sibir keselhanasynda Nawalnyny bejeren rus lukmanlary bu diagnoza garşy çykdylar, Kreml bolsa nemes lukmanlarynyň "zäherlenmek" sözüni ulanmakda gyssanmaçlyk edýändiklerini öňe sürdi.

Günbataryň derňew geçirmek baradaky çagyryşlarynyň ýokarlanmagy bilen, Orsýetiň Baş prokuraturasy deslapky derňewde Nawalnyýyň garşysyna "bilkastdan jenaýat edilendigini" görkezýän subutnamanyň tapylmandygyny we jenaýat derňewini açmaga esas görmeýändigini aýtdy.

Şu aralykda Içeri işler ministrliginiň transport bölüminiň Sibir bölümi, Nawalnynyň keseli bilen baglanyşykly "ähli ýagdaýlary anyklamak" we jenaýat işiniň başlanmalydygyny ýa däldigini kesgitlemek üçin deslapky derňewleri geçirýändigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG