Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Belarusdaky saýlawlary "amala aşan" hasaplaýandygyny aýtdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Aleksandr Lukaşenka bilen görüşýär. Minsk, 30-njy noýabr, 2017
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Aleksandr Lukaşenka bilen görüşýär. Minsk, 30-njy noýabr, 2017

Rus häkimiýetleri "Belarusda saýlawlar geçirildi diýen netijeden ugur alýar" diýip, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin “Russiýa 1” telekanalaynyň alyp baryjysy Sergeý Brilew bilen geçirilen, 29-njy awgustda, altynjy gün efire berilmegi planlaşdyrylan söhbetdeşlikde aýtdy.

“Biz olaryň kanunydygyny ykrar etdik. Bilşiňiz ýaly, men Aleksandr Grigoriýewiç Lukaşenkany bu saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen gutladym. Bolany' diýip, RIA Nowosti Putiniň sözlerini sitirledi.

Putin oppozisiýa tarapyndan resmi netijeleri ret edilen saýlawdan bir gün soň, 10-njy awgustda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka gutlag telegrammasyny iberdi.

Soňra Putin Belarusa, "zerur bolan ýagdaýynda" kömek etmek üçin, güýç gurluşlarynyň işgärleriniň ätiýaçlyk toparyny döredendigini habar berdi we "entek beýle zerurlygyň ýokdugyny" aýtdy.

Belarusda geçirilen saýlawlaryň resmi netijeleri yglan edilen badyna köpçülikleýin demonstrasiýalar başlandy, soňra iri zawodlaryň we kärhanalaryň işgärleri demonstrasiýa goşuldy we iş taşlaýyş yglan etdi.

Mitinglere gatnaşyjylar Lukaşenkanyň işinden çekilmegini we täze saýlawlaryň geçirilmegini talap edýärler.

XS
SM
MD
LG