Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusdaky protestler dowam etdirilýär, häkimiýetler 17 žurnalistiň iş rugsadyny ýatyrdy


Tussag edilen žurnalist
Tussag edilen žurnalist

Belarusda uzak wagtlap awtoritar dolandyryjy Aleksandr Lukaşenka täze alty ýyllyk möhlet beren dawaly prezident saýlawyna garşy protestler we iş taşlaýyşlar 22-nji gün dowam etdirilýär.

Belarus häkimiýetleri 9-njy awgustda geçirilen saýlawdan soňky protestleriň dowam etdirilmeginiň çäginde, bazar güni Minskiň Garaşsyzlyk meýdanynda we şäher merkeziniň beýleki ýerlerinde geçiriljek ýygnanyşyklaryň öňüsyrasynda demir haýatlary oturtdy.

Belarus häkimiýetleri dawaly bolan prezident saýlawlaryndan soň ýurtdaky protestler we olara garşy görülýän çäreler barada maglumat taýýarlaýan esasy daşary ýurt habar guramalarynyň azyndan 17 žurnalistiniň iş rugsadyny ýatyrdy.

Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň komissiýasy tarapyndan 29-njy awgustda kabul edilen karar prezident Aleksandr Lukaşenkanyň hökümetiniň halk nägilelikleri we halkara ýazgarmalary bilen ýüzbe-ýüz bolup, protestçileri basyp ýatyrmak, iş taşlaýyşlaryň öňüni almak üçin görýän çäreleriniň dowamy boldy.

Oppozisiýa wekilleri saýlawlaryň netijeleriniň Lukaşenkanyň peýdasyna galplaşdyrylandygyny aýdyp, parahatçylykly protest çärelerini dowam etdirýär. Bir gün öň geçirilen protest ýörişlerine 10 müň çemesi adam, hususan-da aýallar köp gatnaşdy we olar şäher merkezinde ýöriş etdiler.

Adamlar Lukaşenkany nazara alyp, “Saşa, sen işden aýryldyň!” diýip aýdym aýtdylar we gygyrdylar.

Protest döwründe bolan tussag edilmeler ýa-da zorluklar barada hiç hili habar gelip gowuşmady.

Emma bir pursatda demonstrantlar mähelläniň öňüni bökdeýän polisiýa işgärleri bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Akkreditasiýasy ýatyrylan žurnalistleriň arasynda Azatlyk radiosynyň, BBC, Associated Press, Roýters, Agence-France Presse, Germaniýanyň ARD telewideniýesi, Doýçe Welle we Fransiýa radiosynyň žurnalistleri bar.

Akkreditasiýa bolmasa, žurnalistlere ýurduň içinden habar ýygnamaga kanuny taýdan rugsat berilmeýär.

Orsýetiň döwlet we döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän TASS habar gullugy, Vesti TW ýa-da RT kanaly ýaly habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri iş rugsatlaryndan mahrum edilmedi.

XS
SM
MD
LG