Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da koronawirus bilen kesellänleriň sany 6 million töweregi boldy


ABŞ
ABŞ

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda koronawirus bilen kesellänleriň sany 6 million adama ýetdi, resmiler güýz okuw üçin iri uniwersitetlere gaýdyp gelýän talyplaryň arasynda ýüze çykýan keselçilige garşy göreşýärler.

Resmiler ýurduň köp sanly uniwersitet şäherçesinde wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin üýşmeleňleri we barlary ýapmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Ýurt boýunça, keselden ölüm we hassalaryň keselhana ýerleşdirilmegi ýaly ýagdaýlar azalýar, ýöne resmiler kollej şäherçelerinde ýüze çykýan keselçilik hadysalaryň döremeginden alada galýarlar.

Jons Hopkins uniwersitetiniň habaryna görä, ABŞ 30-njy awgustda 5000 töweregi täze ýagdaý hasaba alnyp, jemi kesellänleriň sany 6 milliona ýetipdir.

Global derejede koronawirus ýokaşanlaryň sany hepdäniň ahyrynda 25 milliondan geçdi we wirusyň ýaýramagyny haýallatmak boýunça çäklendirmeler soňky hepdelerde köp ýurtda uzaldyldy ýa-da güýçlendirildi.

Wirusyň ýokaşmagy güýçli gözegçilikde saklaýan ýurtlarda-da dowam etdi. Täze Zelandiýa, Awstraliýa we Günorta Koreýa göreşe täzeden girişdi. 31-nji awgustdan Täze Zelandiýada jemgyýetçilik ulaglarynda we uçarlarda maskalar hökmany bolar.

XS
SM
MD
LG