Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanouskaýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenmegi planlaşdyrýar


Swýatlana Tsihanouskaýa
Swýatlana Tsihanouskaýa

Belarusyň prezidenti wezipesine dalaş eden Swýatlana Tsihanouskaýa şu hepde Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenip, uzak wagtlap ýurdy dolandyrýan awtoritar prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň "galp" saýlawlardan soň işinden aýrylmagyny talap edip, birnäçe hepde dowam edýän halk nägilelikleriniň dowamynda çykyş eder.

Tsihanouskaýanyň egindeşlerine görä, ol Howpsuzlyk Geňeşine 4-nji sentýabrda edaranyň hemişelik däl agzasy Estoniýanyň çakylygy boýunça wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlener.

Şeýle-de, Swýatlana Tsihanouskaýa dört günden Ýewropa Geňeşinde çykyş eder diýip, onuň metbugat wekili aýtdy.

Tsihanouskaýa 9-njy awgustda Belarusda geçirilen saýlawda prezidentlige kandidat bolup gatnaşdy we tarapdarlaryna görä, ýeňiş gazandy.

Belarusyň saýlaw edaralary Lukaşenkanyň ýeňendigini yglan edenden soň, Tsihanouskaýa goňşy Litwa gitdi.

1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan Lukaşenkanyň ýeňiji yglan edilmegi ýurtda 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri iň uly protestlere getirdi.

Litwanyň prezidenti Gitanas Nauseda 31-nji awgustda eden çykyşynda öz ýurdunyň, Baltika goňşulary Latwiýa we Estoniýa bilen bilelikde 30-a golaý belarus resmisine, şol sanda Lukaşenka garşy syýahat sanksiýalaryny yglan edip, Belarusda saýlaw düzgünleriniň bozulmagyna we demonstrantlara garşy zorluga jogap berjekdigini yglan etdi.

XS
SM
MD
LG