Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda oppozisiýa agzasy tussag edildi, iş taşlaýyş lideri türmä höküm edildi


 Liliýa Wlasowa
Liliýa Wlasowa

31-nji awgustda Belarusyň häkimiýetleri iş taşlaýyşy guramalaşdyran toparyň liderini türme tussaglygyna höküm edip, häkimiýetiň geçişini utgaşdyrmagy maksat edýän oppozisiýa geňeşiniň ýokary derejeli agzasyny tussag etdi. Bu awtoritar prezident Aleksandr Lukaşenkanyň oppozisiýany basyp ýatyrmak üçin eden soňky synanyşygy boldy.

Belarusyň Maliýe jenaýatlar boýunça bölüminiň polisiýasy Utgaşdyryjy geňeşiniň prezidiumynyň ýedi agzasynyň biri Liliýa Wlasowanyň öýünde gözleg işlerini geçireninden soň, ony tussag etdi. Bu barada Wlasowanyň kärdeşi Pawel Latuşko Telegramda paýlaşan maglumatynda mälim etdi.

67 ýaşly Wlasowa 9-njy awgustda geçirilen jedelli prezident saýlawlarynyň yzýany, tutuş ýurt boýunça geçirilen protestlerden soň, şu aýyň başynda döredilen prezidiumyň tussag edilen azyndan üçünji agzasydyr.

Baş prokuratura Geňeşi bikanun ýol bilen “häkimiýeti basyp almak” synanyşygynda aýyplap, jenaýat işini gozgandan bäri, prezidiumyň iki agzasy 10 günlük türme tussaglygyna höküm edildi, mundan başga-da Geňeşiň ýedi agzasynyň azyndan altysy soraga çekildi.

Bu aralykda, “Belaruskali” zawodynyň iş taşlaýyş komitetiniň egindeş başlygy Anatoliý Bokun rugsatsyz protesti guramalaşdyrmakda aýyplanyp, 15 gün türme tussaglygyna höküm edildi.

Dünýädäki kaliý dökünleriniň bäşden bir bölegini emele getirýän döwlet eýeçiligindäki bu zawod ýurduň esasy girdeji çeşmesi hasaplanýar.

Mundan iki hepde ozal, zawodyň we döwletiň eýeçiligindäki beýleki desgalaryň işçileri, saýlaw netijelerine protest bildirip, iş taşlaýyş yglan edipdiler. Bu Lukaşenkanyň häkimiýeti üçin ozal görlüp-eşidilmedik garşylyk boldy.

“Belaruskali” zawodynyň iş taşlaýyş komitetiniň metbugat wekili Gleb Sandrasyň AP habar agentligine aýtmagyna görä, howpsuzlyk güýçleri işçileri iş taşlaýyşdan ýüz öwürmäge basyş edeninden soňra, häzirki wagt kaliý gorlaryndaky işler gaýtadan ýola goýlupdyr.

“Häkimiýetlerde kuwwatly ykdysady täsir gurallary bar. Olar adamlara iş ýerlerinden kowuljakdygy bilen haýbat atýarlar” diýip, Sandras aýtdy.

Bokunyň tussag edilmegi bilen birlikde, geçen hepde Minskidäki beýleki iki möhüm senagat desgasyndaky iş taşlaýyşlary guramalaşdyran liderler hem saklanypdy.

Premýer-ministriň orunbasary Ýuriý Nazarow 31-nji awgustda çykyş edip, ýurtdaky ähli möhüm senagat desgalaryndaky işleriň adatdaky tertibinde dowam etdirilýändigini aýtdy.

Lukaşenka üç hepde bäri onuň wezipeden çekilmegini, ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagyny we açyk, aýdyň saýlawlaryň geçirilmegini talap edip geçirilýän protestleriň arasynda hiç hili eglişik alamatlaryny görkezmeýär.

Halkara ýazgarma we üzňeleşdirmek duýduryşlaryna garamazdan, belarus resmileri oppozisiýany we mediany basyp ýatyrýarlar.

ABŞ-nyň Wekiller öýüniň daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Eliot Engel we komitetiň ýokary derejeli agzasy Maýkl MakKaul (Michael McCaul) 31-nji awgustda çykyş edip, ýakynda belarus resmileriniň dünýäniň esasy habar gulluklarynyň azyndan 17 žurnalistiniň akreditasiýasyny, ýagny işlemek ygtyýarnamasyny ýatyrmak kararyny ýazgardylar.

“Bu soňky hereketler, internet üpjünçiligini böwetlemek, garaşsyz habar serişdelerinden maglumat almagyň ýollaryny baglamak, žurnalistleri tussag etmek we basyş görkezmek tagallalary bilen utgaşyp, [Lukaşenkanyň] diktator režimine garşy çykýanlary sem etmek boýunça alnyp barylýan zalym kampaniýanyň, şeýle-de režimiň elhenç basyp ýatyrmalar baradaky aýylganç maglumatlary ýaşyrmak tagallalarynyň bir bölegidir” diýip, umumy beýanatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG