Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hossarlar onlaýn-mekdebini teklip edýärler. Mugallymlar bu ýagdaýda okuwçylaryň sowatsyz galjagyny aýdýarlar (wideo)


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Özbegistanda geçirilen Telegram-sorag işine gatnaşanlardan 70%-den gowragy pandemiýa sebäpli çagasyny mekdebe ibermek islemeýändigini aýtdy diýip, Özbegistanyň Halk bilim ministri Şerzod Şermatow mälim edýär. Bilim ministrliginiň geçiren soragyna Telegram ulanyjylaryň bir milliony gatnaşypdyr. Ýöne Bilim ministrliginiň ýerlerdäki wekilleri hem-de mugallymlar geçilmegi göz öňünde tutulýan onlaýn-sapaklaryny telewideniýe arkaly ýa-da Telegram messenjeriniň üsti bilen geçirmegi dogry bilseler-de, bu iki usuly-da doly işletmäge mehanizmiň ýokdugyny, mekdep okuwçylarynyň bilim alşyna gözegçiligiň bolmajakdygyny aýdýarlar. Bilim pudagynyň işgärleri bu işde esasy kynçylyklaryň biri Internetiň hem-de planşetleriň ýa-da kompýuterleriň ýetmezçilik etjegini aýdýarlar.

Ministr: hossarlaryň 70% onlaýn-okuwyň tarapynda

Özbegistanyň halk bilim ministri Şerzod Şermatow 25-nji awgustda Telegram-kanal arkaly geçirilen soraglarda okuwçylaryň hossarlarynyň 70%-den gowragy, ýagny 1 milliona golaý ene-ata çagalarynyň mekdebe barmazdan bilim almagynyň tarapyndadygyny aýdypdyrlar. 30% çemesi ene-ata bolsa pandemiýanyň bardygyna garamazdan, çagasyny mekdebe ibermäge taýýardygyny mälim edipdir.

Ministriň sözüne görä, täze okuw ýylynyň başynda bilermenler üç mümkinçiligiň üstünde işläpdirler:

1)mekdepleri açyp, däp bolşy ýaly okuwlara başlamak;

2)onlaýn-okuwy;

3) garyşyk usul, däp bolan okuw usulyny hem-de onlaýn-okuwy geçirmek.

Şerzod Şermatow bu meseläniň entek öwrenilýändigini we oňa hossarlaryň işjeň gatnaşmagyny sözüne goşdy.

Daşkendiň mekdepleri onlaýn-okuwyna azda-kände taýýar

Daşkendiň Sergeli raýonynyň mekdepleriniň biriniň direktory mikrofonsyz ýagdaýda Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bilen gürleşende, onlaýn-okuwyna azda-kände taýýarlygyň bardygyny aýtdy.

– Ýaz aýlarynda biziň mugallymlarymyz onlaýn-okuwyny geçirip gördüler. Meselem, Telegram’da mugallymyň öz bölümi bar, biz her synp üçin aýratyn kanal açdyk. Mugallym wideo-sapagy ýazgy edýär, ony-da Telegram-kanalyň üsti bilen okuwçylaryna ýaýradýar. Okuwçylar sapagy öýde öwrenýärler, berlen öý işlerini wideo ýazýarlar ýa-da surata alýarlar, soňra ony bolup, mugallyma iberýärler. Ýöne wideo-jogap hökmany şert däl, sebäbi okuwçylaryň öýlerindäki Internet şertleri dürli-dürli, käbirlerinde Internet asla ýok. Haýsydyr bir okuwçyda kompýuter ýok, başga birinde telefon diňe hossarlarynda bar. Munuň özi ummasyz wagt hem alada talap edýär, entekler köp iş edilmeli – diýip, paýtagt mekdepleriniň biriniň direktory aýtdy.

Ol soňra-da mekdebe gelmezden geçirilmeli okuwyň telewideniýe arkaly amatly boljakdygyny sözüne goşdy.

Ýatlatsak, şu ýylyň 16-njy martynda ilkinji koronawirusly näsag aýan edilenden soň, Özbegistan 30-njy martdan başlap, karantin düzgünini girizdi, şonda hem sapaklary telewideniýe arkaly berip başladylar.

Özbek telewideniýesinde 1-nji synp üçin matematikadan berlen sapak:

Mekdepler garyşyk sapaklara taýýar däl

Daşkendiň Sergeli raýonyndaky mekdep direktorynyň Azatlyga aýtmagyna görä, bilim ministrligi mekdeplerde garyşyk okuwy geçirmek barada häzirlikçe takyk görkezme bermändir.

– Golaý wagtda teklip edilen usullardan 2-nji hem 3-nji mümkinçilikler barada maslahat geçiriler. Hut meniň özüm Internet arkaly geçiriljek wideo-sapagy oňlaýan. Ýöne biz ony nähili gurarys, wideo-ýazgy etmek üçin sapak geçjek mugallymy nireden taparys, ol belli däl. Eger mugallymlar goşmaça işlemäge razylyk berseler, hossarlar çagalaryny kompýuter ýa planşet bilen üpjün edip biljeklermi, olaryň Internete girmäge mümkinçiligi boljakmy? Aýdaly, şol zatlar bilen çagalaryny üpjün edäýen ýagdaýynda, hossarlar çagalarynyň ýanynda oturyp, sapagy özleşdirmegine gözegçilik edip biljeklermi – bularyň bary bize belli däl – diýip, mekdep direktory aýdýar.

Sebitdäkiler TW-sapaklaryna hem Telegram-sapaklara taýýarlanýarlar

Özbegistanyň halk bilim pudagynyň Syrderýa, Fergana welaýatlaryndaky hem Garagalpagystandaky bölümleri Azatlyk Radiosy bilen gürleşenlerinde, okuw sapaklaryny täzeçe geçirmek barada görkezme berlendigini, bu sebitlerde tele-sapaklara aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdylar. Sebäbi ýerlerde Internetiň güýjüniň pesdigini, örän haýal işleýändigini bellediler.

– Häzirki wagtda ministrlikde tele-sapaklary geçirmäge taýýarlyk boýunça ýörite topar işleýär. Garagalpagystanda Internetiň çaltlygy örän pes, tele-sapak bolsa hemme okuwçy üçin elýeterli boljak. Ministrligiň soraglar baradaky görkezmesini biz diňe 25-nji awgustda aldyk. Şonuň üçin biz häzir sorag geçirip, kimiň ýaşaýan ýerinde Internet meselesi bilen kynçylyk bolsa, olar çagalaryny mekdebe iberip biljekdigini aýtdyk – diýip, Garagalpagystanyň Bilim ministrliginiň işgäri mälim etdi.

Sebitiň beýleki ýerlerinde-de okuwçylary mekdebe barmazdan okamak meselesinde, hil taýdan gowy sapak bermek üçin, köp mehanizmleriň ýetmezçilik edýändigi aýdylýar.

Garagalpagystanyň bilim ministrliginiň wekiliniň sözüne görä, mugallym okuwçylaryň öý işlerini Internet arkaly alyp ýa-da olara iberip biler, ýöne internetiň ýok ýerlerinde okuwçylaryň sapaga taýýarlanyşyna ene-atalar gözegçilik etmeli bolarlar.

– Onlaýn-sapaklary wagtynda, okuwçy öz hossarynyň gözegçiliginde bolar. Soňra olar öýde eden işlerini Telegram arkaly mugallyma ibererler. Bu iş meýletin ýagdaýda bolup geçer, şonuň üçinem okuwça kontrollyk etmek öz-özünden kynlaşýar – diýip, resmi wekil aýdýar.

Bilim ministrliginiň teklibi sosial ulgamda giň seslenme döretdi

Özbegistanyň bilim ministrliginiň 25-nji awgustda ýaýradan teklibi hossarlaryň hem-de mugallymlaryň arasynda gyzgyn çekeleşigi emele getirdi.

Mysal üçin, belli bloger Şahnoza Soatowa öz Facebook hem-de Telegram-kanal sahypasynda, ol okuw usullarynyň haýsydyr birini saýlamakda kynçylyk çekýändigini ýazdy.

«Bu örän möhüm çekişme delili. Eger adatyokuw usulyna başlansa,koronawirusyň täze ojagynyň emele gelmegi mümkin, çagalar keseli ýaýradyp bilerler. Olara wirus iň aktiw ýokuşagan bolýar, ondan soň toý dabaralaryny we gaýrylary gadagan edeniň haýry degmez. Aýratynam bu uly ýaşdaky mugallymlara hem garry ene-atalara howply bolar. Keselhanalar ýene näsagdan dolar. Eger onlaýn-okuwy dowam etdirilse, onda çagalar öý şertlerinde kadaly bilim alyp bilmezler. Internet bilen baglanyşykly ikinji mesele hem ýüze çykýar. Onsoňam uzakly gün işde bolýan ene-ata çagalarynyň okuwyna gözegçilik edip bilmez» diýip,bloger ýazýar.

«Meniň pikirimçe, onlaýn-okuwy gowy bolar. Sebäbi şu mehanizm arkaly ene-atalarda çagasynyň okuwyna bolan jogapkärçiligi döredip bolýar. Zerur bolanda çaganyň hossarlary goşmaça mugallym tutmaly bolarlar, olar öz çagalary bilen has köpräk işleşerler. Wirusyň ýaýramagyna kontrollyk etmek mümkin däl, çagalar bolsa wirusy esasy ýaýradyjylar» diýip, Facebookulanyjylardan biri ýazypdyr.

Beýleki biri sosial ulgamda: «ýurtda köp ýyllardan bäri elektrik togynyň üpjünçiligi millet üçin kynçylyk döredip gelýär, beýle ýagdaýda onlaýn-sapagy barada gürrüňem bolup bilmez» diýýär.

Resmi maglumata görä, 2019-2020-nji okuw ýylynda, tutuş Özbegistanda 9942 orta mekdep işläpdir. Olardan 72% gowragy (7 233 mekdep) oba ýerlerinde ýerleşýär.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG