Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus protestlerinde studentler saklanandan soň, aýal-gyzlar köçelere çykdy


Belarusda prezident Aleksandr Lukaşenkanyň dolandyryşyna garşy protestlerde aýal-gyzlar öňdebaryjy roly eýeleýärler.
Belarusda prezident Aleksandr Lukaşenkanyň dolandyryşyna garşy protestlerde aýal-gyzlar öňdebaryjy roly eýeleýärler.

1-nji sentýabrda Belarusyň paýtagty Minskde aýal-gyzlar toplanyp, parahat görnüşde protest geçirdiler. Şol gün, has irräk polisiýa belarus oppozisiýanyň ýurt boýunça iş taşlaýyşlary geçirmek boýunça çagyryşyna jogap edip köçelere çykan studentleriň onlarçasyny saklapdy.

Ýüzlerçe aýal-gyz paýtagtyň Garaşsyzlyk meýdançasynyň golaýynda ýygnandy. Olaryň käbiri tans oýnady we aýdym aýtdy. Polisiýa goşulmazdan synlap durdy.

Belarusda prezident Aleksandr Lukaşenkanyň dolandyryşyna garşy üç hepde töweregi wagt bäri dowam edýän protestlerde aýal-gyzlar öňdebaryjy roly eýeleýärler. Köp halatlarda olar erkek protestçileriň tussag edilmeginiň öňüni almak üçin, galkan bolup hatara düzülýärler.

Mundan öň, belarus studentleri oppozisiýany alamatlandyrýan gyzyl-ak reňkli baýdaklary göterip uniwersitetleriň öňünde jemlendiler, soňy bilen-de Minskiň merkezine tarap ýörişe başladylar.

“1-nji sentýabr bilimler güni. Bilim bu belarus raýdaşlygydyr. Bir günlük iş taşlaýyşa goşulyň, işçileri goldaň. Hökümete häkimiýetiň esasy çeşmesiniň kimdigini äşgär ediň” diýip, oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýanyň topary beýanat bilen çykyş etdi.

“Wýasna” hukuk goraýjy toparynyň maglumatyna görä, pitnä garşy polisiýa dürli ýerlerde protestçileri dargadanda azyndan 55 adamy saklapdyr.

XS
SM
MD
LG