Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet sekretarynyň orunbasary: ABŞ Belarusdaky azatlyklary goldamagyny dowam etdirer


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Stiwen Biegun
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Stiwen Biegun

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Stiwen Biegun (Stephen Biegun) Waşingtonyň we onuň ýewropaly hyzmatdaşlarynyň Belarusdaky syýasy tussaglaryň azat edilmegi, protestçilere garşy gazaplylygyň bes edilmegi we raýatlaryň öz hökümetini açyk we adalatly saýlawlaryň üsti bilen saýlap bilmegi üçin, belarus resmilerine basyş etmegini dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

Biegun 1-nji sentýabrda Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Belarusa harby interwensiýasynyň Moskwanyň Birleşen Ştatlar we Ýewropa döwletleri bilen gatnaşygyna “juda ýaramaz” täsir ýetirjekdigini hem duýdurdy.

“Siz, belarus halky, bize demokratiýanyň we azatlygyň nä derejede möhümdigini ýatlatdyňyz. Biz siziň edermenligiňize guwanýarys we size iň gowy arzuwlarymyzy ýollaýarys” diýip, Biegun aýtdy.

Bu aralykda, prezident Aleksandr Lukaşenka 9-njy awgustdaky prezidentlik saýlawlarynyň netijeleri bilen ylalaşman ýüzlerçe müň adamyň köçelere çykmagyna garamazdan, eglişige gitmek boýunça hiç hili yşaratlary görkezmeýär.

XS
SM
MD
LG