Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Eýranyň noýabr protestlerinden soňky ‘hopukdyryjy’ hukuk bozmalaryny äşgär edýär


AI 2019-njy ýyldaky protestlerde azyndan 300 protestçiniň öldürilendigini aýdýar.
AI 2019-njy ýyldaky protestlerde azyndan 300 protestçiniň öldürilendigini aýdýar.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy Eýrany 2019-njy ýylyň noýabryndaky hökümete garşy protestler bilen ilteşikli tussag edilenlere, şol sanda 10 ýaşly çaga garşy “hopukdyryjy adam hukuk bozmalaryny” amal etmekde aýyplady.

2019-njy ýylda Eýranda benziniň bahasynyň birden ýokarlanmagy netijesinde, ýurduň 100 töweregi şäherinde demonstrasiýalar geçirildi.

Resmiler protestleri gazaply basyp ýatyrdylar. “Amnesty International” guramasynyň maglumatyna görä, şol wakalarda azyndan 304 protestçi öldürilipdir we başga-da müňlerçe demonstrant tussag edilipdir.

Düýbi Londonda ýerleşýän guramanyň 2-nji sentýabrda çap eden hasabatynda bellenilşi ýaly, 2019-njy ýyldaky protestler döwri we ondan soň, Eýranyň polisiýasy, aňtaw we howpsuzlyk gulluklary, türme işgärleri esassyz tussag etmeler, mejbury ýitirim edilmeler, gynamalar ýaly çärelere baş goşupdyrlar.

“Amnesty International” hasabatyň basyp ýatyrmalaryň 60 pidasy we olaryň ýakynlary, şeýle-de gizlenmegi başaran iki protestçi we ýagdaýlardan habarly 14 kişi bilen geçirilen söhbetdeşlikleriň esasynda taýýarlanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG