Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet sekretarynyň orunbasary ABŞ-nyň Belarusdaky azatlyga goldawyny dowam etdirjekdigini aýdýar


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Stiwen Biegun
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Stiwen Biegun

Biegun, Moskwa eden sapary wagtynda rus resmilerine "biz geosyýasy ýaryş gözlemedik ýa muňa şeýle seretmedik bolsak-da, rus goşunlary Belarusa girizlen halatynda, bu ýerde Orsýet bilen ABŞ-nyň, Orsýet bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklar üçin düýpli netijeler bolar" diýdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Stiwen Biegun Waşingtonyň we onuň ýewropaly ýaranlarynyň Belarus häkimiýetlerine syýasy tussaglary boşatmaklary, protestçilere garşy zorlugy bes etmekleri we raýatlaryň erkin we adalatly saýlawlar arkaly öz hökümetini saýlamagyna rugsat bermekleri üçin basyş görkezmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Biegun geçen hepde Litwa, Orsýete, Ukraina we Awstriýa eden ýewropa saparyndan soň, 1-nji sentýabrda Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolup, Orsýetiň Belarusa harby goşulyşmasynyň Moskwanyň ABŞ we Ýewropa ýurtlary bilen aradaky gatnaşyklaryna “örän tersin” täsir etjekdigini duýdurdy.

“Belarus halky, Siz bize demokratiýanyň we erkinligiň nähili möhümdigini ýatlatdyňyz. Biz Siziň görkezen batyrgaýlygyňyza örän uly hormat goýýarys we size iň gowy zatlary arzuw edýäris" diýip, ol aýtdy hem-de ABŞ-nyň we onuň halkara hyzmatdaşlarynyň belarus halkynyň öz esasy kanuny we halkara kanunçylygy esasynda eýe bolan hukuklaryny, öz hökümetini erkin we adalatly saýlawlar esasynda saýlamak hukuklaryny üpjün etmek ugrunda mümkin boldugyça ýakyndan işlejekdigini nygtady.

"Haýyş edýärin, Siz öz maksatlaryňyza ýetmek üçin ahyryna çenli öňe süýşýän wagtyňyzda dünýäniň sizi goldaýandygyny biliň" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Biegunyň bu sözleri prezident Aleksandr Lukaşenkanyň 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijeleri çap edileli bäri Belarusyň köçelerine çykan ýüzlerçe müň raýatyň işden çekilmegi baradaky talaplaryna hiç hili eglişik etmeýän wagtyna gabat geldi.

26 ýyl bäri Belarusy berk gözegçilik astynda dolandyrýan Lukaşenka sesleriň 80 göterimden gowragy bilen ýeňiji diýlip yglan edildi, emma oppozisiýa saýlaw netijeleriniň prezidentiň peýdasyna gaplaşdyrylandygyny aýdýar.

Demonstrantlar 66 ýaşly belarus lideriniň işinden çekilmegini, syýasy tussaglaryň ählisiniň boşadylmagyny we täze saýlawlaryň geçirilmegini isleýärler.

Günabatar tankydy

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi ses berişligiň ne erkin, ne-de adalatly geçendigini aýtdy we bu ýagdaýy tankytlap, hökümeti oppozisiýa bilen gepleşiklere başlamaga çagyrdy.

"Biz bu krizisde hiç bir öňegidişlik görmeýäris" diýip, Biegun Azatlyk radiosyna beren interwýusynda Birleşen Ştatlaryň we halkara jemgyýetçiliginiň, ÝHHG-nyň düzgünnamasy we BMG-niň Ählumumy adam hukuklary jarnamasy esasynda öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmegi üçin, "Belarus hökümetine basyş etmegini dowam etdirjekdigini" aýtdy.

"Biziň esasy talaplarymyz adalatsyz tussag edilenleriň derrew boşadylmagyndan we demonstrantlara garşy edilýän zorlugyň bes edilmeginden ybarat" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Belarusdaky krizis

Günbatar saýlawdan soňky basyp ýatyryşlary ýazgarsa, rus resmileri Lukaşenkany goldap, öz sözleri bilen aýdylanda, daşary ýurtlary öňki sowet respublikasyndaky bidüzgünçiliklerden peýdalanmak synanyşyklarynda aýypladylar.

Rus prezidenti Wladimir Putin geçen hepde demonstrantlar "talaňçylyga" ýüz ursa, rus howpsuzlyk güýçleriniň bir toparynyň Belarusa iberilmäge taýýar durandygyny yglan etdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 2-nji sentýabrda Moskwada belarus kärdeşi bilen duşuşyp, "munuň geosyýasatdygyny, post-Sowet giňişligi ugrundaky göreş bilen baglanyşyklydygyny hiç kim ýaşyryp duranok" diýdi.

Emma muňa garamazdan, Biegun Azatlyk radiosyna Birleşen Ştatlaryň “Belarusa hiç wagt Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky ýaryş hökmünde seretmändigini we häzirem oňa beýle göz bilen garamaýandygyny" aýtdy.

“Bu belarus lideri bilen onuň öz halkynyň arasyndaky ýaryş. Onsoň biz munuň hemişe meseläniň başynda bolmagy ugrunda hyzmatdaşlarymyz bilen işleşmäge synanyşýarys" diýip, ol sözüni dowam etdi.

Şeýle-de Biegun, Moskwa eden sapary wagtynda rus resmilerine "biz geosyýasy ýaryş gözlemedik ýa muňa şeýle seretmedik bolsak-da, rus goşunlary Belarusa girizlen halatynda, bu ýerde Orsýet bilen ABŞ-nyň, Orsýet bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklar üçin düýpli netijeler bolar" diýdi.

“Soňky dört ýyl ABŞ-Orsýet gatnaşyklary üçin örän çylşyrymly döwür boldy, ýöne munuň has-da erbet bolmagy mümkin. Islendik prezidentiň, ABŞ-da noýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawlarynyň netijelerine garamazdan, Orsýet bilen islendik ugurda has gowy hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gurmak mümkinçiligini çäklendirjek zatlaryň biri Orsýetiň Belarusa göni gatyşmagy bolar" diýip, döwlet sekretarynyň orunbasary aýtdy.

XS
SM
MD
LG