Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus ýardam üçin ýaran gözleýän mahaly, Russiýanyň premýer-ministri Minske sapar edýär


Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin
Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin

Belarusyň aljyran awtoritar prezidenti Alýaksandr Lukaşenka saýlaw galplygy boýunça birnäçe hepde bäri geçirilýän protestleriň we halkara üzňeligiň hötdesinden gelmek üçin Moskwadan haraý gözleýän wagty, Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin 3-nji sentýabrda Minske sapar edýär.

Belarus lideriniň köplenç garşylygyna garamazdan, ýyllarboýy öňki Sowet Soýuzynyň iki ýurdunyň arasynda has ýakyn ykdysady we syýasy integrasiýa ýykgyn eden Russiýa 9-njy awgustdan bäri Lukaşenka garşy geçirilýän ozal görlüp-eşidilmedik gündelik protestleri ýakyndan synlaýar.

Protestler we munuň bilen bagly basyp ýatyrmalar Lukaşenkanyň Günbatar bilen täze ýakynlaşmasyny soňlandyrdy. Belarus prezidenti bu ýakynlaşmany özüniň gündogaryndaky has uly goňşusy bilen aradaky gatnaşyklary deňlemek üçin ulanýardy.

2-nji sentýabrda Moskwa eden saparynyň dowamynda belarusyň daşary işler ministri Uladzimer Makeyiň “daşary ýurtlardan gurnalýar” diýip, häsiýetlendiren protestleriň arasynda belarus hökümetine berýän goldawy üçin Russiýa minnetdarlyk bildirdi.

Rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow belarus häkimiýetlerine gönükdirilýän “ýykgynçy” Günbatar tankydyny tankytlady. Ol Belarusy durnuksyzlaşdyrmak ýa-da onuň Russiýa bilen güýçli gatnaşyklaryny gowşatmak isleýän islendik synanyşyga Moskwanyň “berk we abraý bilen” jogap berjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG