Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistandaky öňki baş ymam – “wahhabylaryň ruhy lideri” möhletinden öň türmeden azat edildi


Ruhiddin Fahriddinowyň bu suraty ol zähmet-düzediş koloniýada bolan wagtynda düşürilipdir. 2019-njy ýylyň awgusty.
Ruhiddin Fahriddinowyň bu suraty ol zähmet-düzediş koloniýada bolan wagtynda düşürilipdir. 2019-njy ýylyň awgusty.

Daşkent şäherindäki«Hoja Nuriddin»metjidiniň öňki baş ymamy Ruhiddin Fahriddinow Daşkent welaýatynyň Zangiata raýonynda ýerleşýän №14zähmet-düzediş koloniýasynda tussaglyk möhletini geçýärkä, 27-nji awgustda möhletinden öň tussaglykdan boşadyldy. Fahriddinowyň hossarlaryndan alnan maglumata görä, ol Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewe öz günäsiniň geçilmegi barada hat ýazandan soň, türmede bolmaly möhletinden iki ýyl öň azatlyga çykarylypdyr. Ruhiddin Fahriddinow 2006-njy ýylda, Özbegistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň birnäçe agyr maddalary esasynda uzak möhletlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Hossarlarynyň aýtmagyna görä, Ruhiddin Fahriddinow27-nji awgustda ir ertir, özüne kesilen möhletden iki ýyl we üç aý öň azatlyga çykypdyr.

– Oňa 17 ýyl iş kesilipdi, ýöne ony möhletinden öň goýberdiler. Prezidentden günäsiniň geçilmegini sorap hat ýazandygy üçin, ondan dilhaty alypdyrlar – diýip, öňki ymamyň garyndaşlaryndan biri mikrofonsyz ýagdaýda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş boldy.

Onuň sözüne görä, şol gün ertir Fahriddinowyň türme möhletini geçirýän koloniýasynyň agzyna ýerli teležurnalistler baryp, öňki ymamyň azatlyga çykyşyny hem öýüne gaýdyp barýanyny wideo düşüripdirler.

Ýatlatsak, 27-nji awgustda – Özbegistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda, prezident Şawkat Mirziýaýew 113 tussagy azat etmek baradaky permana gol çekdi. Azatlyga çykanlaryň arasynda syýasy hem dini tussaglardan dört adam bar. Daşkentdäki metjidiň baş ymamy Ruhiddin Fahriddinow «wahhabizm» akymy bilen baglanyşykly, Iskandar Hudoýberganow bolsa «salafizm» akymy bilen aýyplanypdy. Ýaş alym Akrom Malikow hem öňki medisina işgäri Rustam Abdumannapow syýasy matlaplar bilen aýyplanyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilipdi.

53 ýaşyndaky Ruhiddin Fahriddinow 2006-njy ýylyň tomsunda Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 158-nji («Özbegistan Respublikasynyň prezidentine kast etmek»), 159-njy («Özbegistan Respublikasynyň konstitusiýa gurluşyna kast etmek»), 242-nji («Jenaýatçy toparydöretmek») hem-de 244-nji («Köpçülikleýin bidüzgünçilikler») maddalary esasynda aýyplanyp, 17 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Özbegistanyň kanun goraýjy guramalarynyň maglumatyna görä, 90-njy ýyllaryň ortalarynda Ruhiddin Fahriddinow dürli ekstremistik akymlaryň ruhany lideri, hususan-da, Özbegistanda yslam döwletini gurmak isleýän «wahhabylar» akymynyň ruhy ýolbaşçylaryndan biri hasaplandy.

Ýöne Fahriddinowyň hossarlarynyň onuň haýsydyr bir ekstremistik topara gatnaşygynyň bardygyny ýalana çykarýarlar.

Ruhiddin Fahriddinow Sowet döwleti döwründe Özbegistan SSR-niň Oba hojalyk ministri Fazliddin Fahriddinowyň ogludy. Ol Daşkent Döwlet uniwersitetiniň arap dili bölümini tamamlady. 1989 – 90-njy ýyllar agalygynda student alşygy maksatnamasy boýunça Kuweýtde okady.

1992-nji ýyldan başlap, bäş ýylyň dowamynda paýtagtdaky «Hoja Nuriddin» metjidiniň ymam-hatibi boldy.

Tanyş-ýakynlarynyň hem garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, hut şol döwürde Ruhiddin Fahriddinow hökümetiň berk basyşyna duçar bolupdyr. Ol 1997-nji ýylda Daşkent metjidiniň baş ymamy bolmakdan resmi ýagdaýda çekildi.

Birnäçe wagt geçenden soň, Ruhiddin FahriddinowGazagystana gitmäge mejbur bolýar. 1998-nji ýylda Özbegistanyň Içeri işler ministrligi onuň garşysyna iş gozgap, jenaýat gözlegini yglan etdi.

Gözleg işi yglan edilenden ýedi ýyl soňra, 2005-nji ýylyň 24-nji noýabrynda, Gazagystanyň Şymkent şäherinde Ruhiddin Fahriddinow, «Tuhtaboý» metjidiniň öňki muedzini Abdurahman Ibragimow, metjidiň mütewelisi Abdurauf Halmuradow we ýene özbegistanly dokuz musulman kişi gazak hem özbek hukuk goraýjy guramalarynyň operatiw barlagy esasynda tussag edildiler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Ruhiddin Fahriddinowy wyždan ýesiri hasaplady.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG