Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI saglyk işgärleriniň COVID-19-dan ‘aňk ediiji derejede’ ölýändigini aýdýar


Gazagystanly saglyk işgärleri

"Amnesty International" guramasy ýer togalagynda koronawirus ýokuşmalaryndan azyndan 7 müň saglyk işgäriniň ölendigini aýdyp, aldajy wirusa garşy göreşiň öň hatarynda söweşýänleriň dogry-dürs gorag enjamlary bilen üpjün edilmegini zerurdygyny ýatladýar.

"Her bir saglyk işgäriniň iş ornunda howp-hatarsyz öz işini etmek hukugy bar we şeýle köp adamyň iň ýokary baha töläp, janyndan jyda düşmegi uly biabraýçylyk” diýip, düýbi Londonda ýerleşýän hukuk toparynyň ykdysady we sosial adalat bölüminiň başlygy Stiw Kokbern aýtdy.

“Meksika, Braziliýa we ABŞ ýaly ýurtlarda ençeme aý bäri pandemiýa garşy göreşýän saglyk işgärleri elhenç derejelerde ölýär, Günorta Afrikada we Hindistanda ýokanç keselleriň barha çalt ýaýramagy bolsa, ähli döwletleriň çäre görmeginiň zerurdygyny görkezýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Dünýädäki beýleki ýurtlaryň ählisinden tapawutlylykda, Meksikadaky koronawirusdan iň köp saglyk işgäri, azyndan 1320 adam ýogaldy. Latyn Amerikasynda ýerleşýän döwlet saglyk işgärleriniň arasynda Covid-19 keseliniň 97,632 hadysasynyň tassyklanandygyny habar berdi.

Şeýle-de, Amnesty International guramasy bu keseliň beýleki agyr zarba uran ýurtlaryny, şol sanda ABŞ-da 1,077 Angliýada 649, Braziliýada 634, Orsýetde 631, Hindistanda 573, Günorta Afrikada 240, Eýranda 164 saglyk işgäriniň ýogalandygyny hasaba aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG