Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň alym-lukmanlary koronawirus sanjymynyň 'netijeli bolandygyny' aýdýarlar


Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu "Sputnik V" koronawirus sanjymyny alýar. Moskwa, 4-nji sentýabr, 2020.
Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu "Sputnik V" koronawirus sanjymyny alýar. Moskwa, 4-nji sentýabr, 2020.

Rus alymlary awgust aýynda rus hökümeti tarapyndan uly şowhun astynda tassyklanan “Sputnik V” koronawirus sanjymynyň irki synaglarynyň netijelerini çap etdiler.

Bu netijeler Angliýanyň “The Lancet” saglyk žurnalynyň 4-nji sentýabrda çykan sanynda çap edildi we onda irki synaglara gatnaşan näsaglaryň “çynlakaý oňaýsyz täsirleri” bolmadyk beden garşylygyny döredendigi aýdylýar.

Orsýet, öňünden hiç hili maglumat çap etmezden, 11-nji awgustda bu sanjymyň ýurt içinde ulanylmagyny tassyklan ilkinji ýurt boldy.

Bu ýagdaý käbir alymlaryň Orsýetiň sanjymlary howpsuzlyk maglumatlary bolmazdan ulanmaga howlukýandygy baradaky aladalaryna sebäp boldy.

Hünärmenler ilkinji synaglaryň örän çäkli ýagdaýda geçirilendigini we howpsuzlygy we netijeliligi subut ederden has az wagt dowam edendigini öňe sürdüler. Şeýle-de, bu barlaglarda gözegçilik sanjymy hem ulanylmady.

Rus ylmy-barlagçylary Lancet barlaglarynda iýun we iýul aýlarynda geçirilen synaglaryň her birine 18-60 ýaş aralygynda 38 sany sagdyn uly adamyň gatnaşandygyny habar berdiler.

Her gatnaşyja ilkinji doza berildi, 21 gün soňra bolsa kuwwatlandyryjy sanjym edildi.

Olara 42 günüň dowamynda gözegçilik edildi we ählisi ilkinji üç hepdäniň içinde beden garşylygyny kemala getirdi.

Ylmy-barlagyň gowşak tarapy synaga gatnaşyjylaryň köpüsiniň 20-30 ýaş aralygyndaky adamlar bolmagy bilen bagly, sebäbi koronawirus esasan saglyk ýagdaýy pes we gartaşan adamlar üçin aýratyn howply bolup durýar.

Ol ýa-da beýleki kemçiliklerine garamazdan, rus alymlary özleriniň uly üstünlik gazanandyklaryny yglan etdiler we synaglary hem-de önümçiligi giňeltjekdiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG