Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Konstitusiýany üýtgetmek işleri dowam etdirilýär


Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowany
Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowany

Türkmenistanda ýurduň Baş kanunyna täze üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek ugrundaky işler dowam etdirilýär.

Mejlisiň başlygy 4-nji sentýabrda Halk maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berip, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Konstitusion kanunyň taslamasynyň üstünde işlenýändigini aýtdy.

Gülşat Mämmedowanyň anyklaşdyrmazdan tassyklamagyna görä, “gelip gowşan teklipleriň ählisine iş toparynyň mejlislerinde jikme-jik seredilýär”.

Türkmenistanyň prezidenti we Konstitusiýa komissiýasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy awgustda "Türkmenistanyň konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek" baradaky karara gol çekip, Baş kanuny üýtgetmek boýunça geçen ýylyň sentýabrynda başlanan işi soňlady.

Berdimuhamedow tarapyndan ozal ýatyrylan we soň täzeden dikeldilen Halk maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçiriljek mejlisinde tassyklanmaly üýtgetmelere görä, ýurtda iki öýli parlament dörediler. Halk Maslahaty kanun çykaryjy organ bolup, Mejlis bu ygtyýarlygyny ýitirer.

Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmen aktiwistleri 30-njy awgustda ABŞ-nyň Hýuston şäherinde, soňra Waşingtonda we Nýu-Ýorkda onlarça adamyň gatnaşmagynda protest geçirip, ýurduň Baş kanunynyň “awtomatiki usulda” üýtgedilmegine, öz sözleri bilen aýdylanda, Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň has-da berkidilmegine nägilelik bildirdiler.

Aktiwistler türkmen hökümetiniň konstitusiýany üýtgetmek kararynyň Türkmenistandaky syýasy-ykdysady krizis, korrupsiýa, koronawirus pandemiýasy, işsizlik ýaly agyr sosial problemalaryň agyrlaşan pursadynda geçirilýändigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG