Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habarowsklylar tussag edilen öňki häkimi goldamak üçin guraýan protestlerini dowam etdirýärler


Rus protestçileri. Habarowsk, 22-nji awgust, 2020.
Rus protestçileri. Habarowsk, 22-nji awgust, 2020.

Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäherinde ýüzlerçe ýerli ýaşaýjy sebitiň öňki meşhur häkiminiň iýul aýynda tussag edilmegine garşy protest bildirmek üçin tapgyr 57-nji gün köçä çykdy.

Protesti guraýjylary 5-nji sentýabrdaky ýörişe gatnaşanlary 2000 töweregi adam diýip çakladylar, şäher häkimligi bolsa proteste 1000 töweregi adamyň gatnaşandygyny aýtdy.

Protestçiler sebit hökümetiniň binasynyň daşyna ýygnanyp, şäheriň merkezinden ýöriş etdiler. Protestçiler prezident Wladimir Putiniň işinden çekilmegine çaýgyrdylar we dolandyryjy Birleşen Orsýet partiýasyny tankyt etdiler.

Habarowsk ülkesiniň öňki gubernatory Sergeý Furgal 9-njy iýulda tussag edilip, Moskwa äkidildi.

Oňa 2000-nji ýyllaryň ortalarynda öldürilen birnäçe adam bilen baglylykda aýyplama bildirilýär. Orsýetiň milletçi Liberal demokratik partiýasyndan bolan Furgal 2018-nji ýylda sebitde Birleşen Orsýet partiýasynyň uzak wagt bäri işleýän agzasyndan üstün çykyp, ikinji saýlawda häkimlige saýlandy.

Furgalyň goldawçylary oňa bildirilýän aýyplamalaryň Birleşen Orsýet partiýasynyň sebite bolan gözegçiligini dikeltmek maksady bilen toslanyp tapylandygyna aýdýarlar. Habarowskdäki protest guramaçylary 12-nji sentýabrda 70 000 töweregi adamyň gatnaşmagynda ýene bir demonstrasiýa geçirmäge rugsat aldylar.

XS
SM
MD
LG