Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskde geçirilýän protest aksiýalaryna on müňlerçe adam gatnaşdy


Minsk, 6-njy sentýabr, 2020
Minsk, 6-njy sentýabr, 2020

Prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny talap edip, Minskde geçirilýän protest aksiýalaryna 6-njy sentýabrda oppozisiýa on müňlerçe belarus raýaty goşuldy.

Belarusyň paýtagtynda adamlar uly topar bolup ýöriş geçirdiler we "Ýaşasyn Belarus!" we "Utanç!" diýen şygarlary öňe sürüp, şeýle hem oppozisiýanyň nyşany bolan, häkimiýetler tarapyndan bolsa gadagan edilen gyzyl we ak reňkli baýdaklary göterdiler.

Agşam ýakynlaşanda, demonstrantlar prezident köşgüne barýan köçä bardy. Prezidentiň köşgüniň daşynda gozgalaňlara garşy polisiýa, demir haýat we suw pürkýän gurallar bilen gorag astynda saklandy. Gije köşgüň öňündäki barrikadalar aýryldy we protestleriň 29-njy gününiň soňy yglan edildi.

Belarusyň adam hukuklaryny goraýjy topary "Wýasna" Minskde 180-den gowrak demonstrantyň tussag edilendigini, Brestde onlarça adamyň we ýene ençemesiniň Baranawiçi we Hrodna şäherlerinde tussag edilmeginiň hasaba alnandygyny habar berdi.

Belarusyň žurnalistler birleşigi iki žurnalistiň tussag edilendigini Telegram kanalynda habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy polisiýa bilen demonstrantlaryň arasynda gapma-garşylyklaryň Hrodna we Mahilýoda bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG