Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-eýran serhediniň golaýynda ýer titreme boldy


Eýranyň Golestan welaýatynda bolan ýer titremäniň netijesi, 7-nji sentýabr, 2020
Eýranyň Golestan welaýatynda bolan ýer titremäniň netijesi, 7-nji sentýabr, 2020

Türkmenistanyň Eýran bilen serhediniň golaýynda 6-njy sentýabrda agşam we 7-nji sentýabrda irden birnäçe ýer titreme boldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Şamerdanguly Myradynyň Eýranyň geofiziki institutyna salgylanyp habar bermegine görä, ýer titreme 7-nji sentýabrda 10 kilometr çuňlukda, sagat 10:23 töwereginde hasaba alnypdyr we 3,1 ball derejesinde kesgitlenipdir.

"Golestan welaýatynyň gündogarynda 3,1 ball ululykda ýer titreme bu demirgazyk sebitiň ilatyny ýene bir gezek gorkuzdy we öýlerinden hem iş ýerlerinden çykardy" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Şamerdanguly Myrady 7-nji sentýabrda habar berdi.

Habarçymyz Golestanyň käbir ýerlerinde ýer titremäniň ýene gaýtalanandygyny aýdýar: "Gury çaý obasynda, edil Gülüstanyň häkimiň iberen gurluşyk boýunça orunbasary we welaýat işgärleriniň bir topary obanyň zeper ýeten ýerlerini gözden geçirýärkä, ýene bir ýer titreme bu sebiti sarsdyrdy hem adamlaryň arasynda has köp gorky döretdi. Adamlar esasy eklenç serişdelerini öýlerinden göçürýärler".

Tähran uniwersitetiniň Geofizika institutynyň milli seýsmologiýa merkeziniň habaryna görä, duşenbe güni ir sagat 2: 44-de, Gülüstan welaýatynyň Ramýan şäherinde 3 km, Azadşäher şäherinde 9 km çuňlukda 5,1 ball ululykda ýer titreme bolup geçdi diýip habarçymyz aýdýar.

Eýrandaky ýer titreme barada Google maglumatynda 6-njy sentýabrda agşam sagat 23:34 Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Ramian şäherinden 6 kilometr uzaklykda ýeriň sarsandygy we Eýrana hem Türkmenistana täsir ýetirendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň we Eýranyň serhetinde 6-njy sentýabrda orta güýçli ýer yranmasynyň bolandygyny Volcano Discovery websaýty hem habar berdi. Maglumatda ýer sarsgynynyň 5.0 magnituda barabar bolandygy aýdylýar.

Seýsmiki aktiw zonada ýerleşýän Türkmenistanyň resmileri we habar beriş serişdeleri bu ýer yranmasy barada habar bermediler. Türkmenistanda adatça tebigy hadysalar barada dymýar. Soňky ýylyň dowamynda Türkmenistanda bolan güýçli tupanlar, ýagyşlar, siller we olaryň netijesinde bolan ýykan-ýumranlyklar we adam pidalary ýurtda resmi taýdan agzalmady.

XS
SM
MD
LG