Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda “howply ýokanç keseli” bejerişden ýüz dönderenler türme tussaglygyna höküm ediler


 Türkmenistan. Maska geýen polisiýa işgärleri.
Türkmenistan. Maska geýen polisiýa işgärleri.

Türkmenistanda “howply ýokanç keseli” bejerişden zandyýamanlyk bilen ýüz dönderenler we ony ýokuşdyranlar iki ýyl möhlet bilen, bu ýagdaý gaýtalanan ýagdaýynda bäş ýyl möhlet bilen, azatlykdan mahrum ediler. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri döwlet metbugatyna salgylanyp, habar berýär.

COVID-19 howpunyň arasynda türkmen häkimiýetleri Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeleri girizdi. Täze üýtgetmelere görä, mundan ozal AIDS keselini ýokuşdyranlaryň azatlykdan mahrum edilmegini talap edýän Jenaýat kodeksiniň 119-njy maddasyna täze goşundy goşuldy.

Oňa laýyklykda, epidemiýa ýa-da pandemiýa diýlip ykrar edilen howply ýokanç keselini bejerişden zandyýamanlyk bilen ýüz dönderip, gaçyp, başga adamlary bu keseli ýokuşdyrmak howpuna görnetin goýana, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär. Bu etmişleri gaýtadan edene ýa-da şeýle etmişler adamyň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getirse, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Şeýle-de, täze goşundylar bejergiden gaçmaga ýardam eden adama-da jeza berilmegini talap edýär. Täze kanuna görä, howply ýokanç keseli bolan adama bejergiden gaçmaga ýardam edene, üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bu kanuna prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji awgustda gol çekdi.

Türkmen resmileri şu wagta çenli ýurtda resmi taýdan hasaba alnan COVID-19 wakasy barada habar bermedi. Ýöne şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler ýokanç keseliň öňüni almaga degişli käbir çäklendirmeleri girizip gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 6-njy sentýabr güni gije sagat 22:00-dan soň polisiýa işgärleriniň we raýat eşikli adamlaryň paýtagtyň “Garaşsyzlyk” parkynda gezelenç edýän ýa-da oturgyçlarda oturan adamlary dargadandygyny, 7-nji sentýabrda gije sagat 22:00-dan soň, parkdaky fontanlaryň, suw çüwdürimleriň öçürilendigini, şeýle-de parkdaky adamlaryň ýene öýlerine ugradylandygyny habar berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, polisiýa işgärleri bu çäreleriň karantin sebäpli görülýändigini aýdýarlar.

“Garaşsyzlyk” parkynyň çäginde ýerleşýän we “Bäş aýak” diýlip tanalýan binanyň gabatlarynda, habarçynyň aýtmagyna görä, gije sagat 22-den soň, polisiýa işgärleri onsuz hem yzygiderli ýagdaýda, hususan-da dynç günleri “jelepçilige garşy göreş” bahanasy bilen adamlary dargadýardy. Ýöne ýekşenbe güni “polisiýanyň adamlary dargadýan giňişligi giňeldi” diýip, habarçy aýtdy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti COVID-19 pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda getirmäge dowam edýär.

Hökümetçi orient.tm saýty 6-njy sentýabrda 7-nji sentýabrda geçilen gije 279 raýatyň Belarusdan Türkmenistana getirilendigini habar berdi. Neşiriň ýazmagyna görä, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat – Minsk – Türkmenabat ugry boýunça amala aşyran ýörite uçar gatnawynda esasan Belarus ýokary okuw mekdeplerinde okuwy tamamlan ýa-da ol ýerde gaýybana bilim alýan raýatlar bar.

Türkmenistanda resmiler ýa-da döwlet media serişdeleri ýurtda koronawirusyň ýaýramagy onuň gerimi barada maglumat bermeýärler.

Turkmen.news neşiri 4-nji sentýabrda çap eden habarynda, iýul we awgust aýlarynda Türkmenistanda ýene üç tejribeli medisina işgäriniň koronawirus sebäpli ýüze çykan keselden ölendigi barada habar berdi.

Bütindünýä saglyk guramasynyň bilermenler topary 6-njy iýul 16-njy iýul aralygynda Türkmenistana sapar edip, onuň jemleri boýunça geçiren metbugat ýygnagynda ýurtda koronawirus keseliniň hasaba alynmandygyny, ýöne “koronawirus bar ýaly hereket edilmelidigini” maslahat berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG